TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Gök Taýajykly” Türkmen Instagram hasaplary

“Instagram” jemgyýetçilik torunda tassyk edilen hasap kabul edilýän, köplenç ýagdaýda meşhur sungat işgäri, futbolçy, ýazyjy, syýasatçylara berilýän gök taýajyk (mawy bellik, blue tick) indi Türkmen sungat işgärler tarapyndan hem alnyp başlandy. Bizdäki maglumatlara görä, “Instagramyň” meşhur “taýajygyny” ilkinji alan Türkmen sungat işgäri Çynara bolup durýar. Türkiýedäki Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň biri bolan aýdymçy Çynara Türkiýede bilim alýan Türkmen talybydyr. Çynaranyň “Instagram” hasabyny 238 müň adam yzarlaýar.

“Instagramyň” gök taýajygyny erkek sungat işgärleriniň arasynda ilkinji alan Türkmen sungat işgäri bolsa S Beater ady bilen tanalýan sungat işgäridir. S Beateriň “Instagram” hasabyny bolsa 76 000 adam yzarlaýar.

Biz “gök taýajykly” Türkmen Instagram hasaplaryny habaryny taýýarlan wagtymyz esasan hem Türkmen sungat işgärlerini göz öňünde tutupdyk. Emma, habaryň mazmuny sungat işgärleri barada bolsa hem, habaryň ady ““Gök Taýajykly” Türkmen Instagram hasaplary” bolanlygy üçin habarymyza okyjylarymyzdan  tankydy bellikler geldi. Şol tankytlary  hasaba alyp habarymyza düzediş girizýäris we sungat işgärlerinden daşgary Gök taýajykly Türkmen Instagram hasaplaryny hem goşýarys.

Häzire çenli bizde bar bolan maglumata görä sport ulgamyndan meşhur Türkmen pälwany  Döwletjan Ýagşymradow hem şeýle hasaba eýe. Türkmen sportynyň meşhur wekili ildeşimiziň hasabyny 107 müň adam yzarlaýar.

Bellik: Hormatly okyjylarymyz eger Siz ýokardakylardan daşgary şeýle “gök taýajykly” Türkmen Instagram hasabyny bilýän bolsaňyz bize bildirmegiňizi haýyş edýäris.

Bellemeli zat, soňky döwürde Türkmen sungat işgärleri barada maglumatlar “Wikidepiýa” ýaly platformlarda hem peýda bolup başlady.

Bulary hem okaň!

“Wikipediýa”: Türkmen sungat ussatlary

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan harby ýöriş

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri oktýabr aýynda duşuşarlar

Teswirle