TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Göçürmäniň möhletini uzaltmak

Hususy kärhanany we hojalyk jemgyýetini hasaba almak barada habarymyza bolan gyzyklanmany hasaba alyp, kärhanalalaryň esasy resminamalarynyň biri bolan Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan Göçürmäniň (Göçürme) möhletini uzatmak barada maglumaty Size ýetirýäris.

  1. Möhletini uzaltmak üçin arza erkin görnüşinde. (Aşgabat şäheriniň Baş Maliýe we Ykdysadyýet müdirliginiň adyna)
  2. Göçürmäniň asyl nusgasyna Aşgabat şäher statistika, etrap salgyt bölümi etrap pensiýa edarasy, öz bankynyň möhürleri basylanan, gol çekilenen bolmaly
  3. Bellige alynýanyň esaslyk maýasynyň tassyklaýan resminama
  4. Hukuk salgysynyň tassyk haty (Aşgabat şäher häkiliginiň Arhitektura we şähergurluşygynyň Baş müdirligi ýa-da etrap häkilikleri tarapyndan berilýär.)
  5. Ýolbaşçynyň (Direktoryň) şahsy kagyzy pasport nusgasy we Ýolbaşçynyň wezipä bellenenligi baradaky buýrugy tassyklanan görnüşde.
  6. Hususu eýeçiligindäki kärhanalar üçin Esaslandyryjynyň (Esaslandyryjylaryň) şahsy kagyzy pasport nusgasy
  7. Möhletini uzaltmak üçin tölegi 50 manat (Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi Aşgabat.ş Merkezi Bank H/H 23104934110153100000000 MFO 390101101 S/K 101111007529)
  8. Bellige alyş ýygymynyň tölenendigini ýa-da tölemekden boşadylandygyny tassyklaýan resminama
  9. Göçürmäniň möhletini wagtynda uzaldylmadyk bolsa düşündiriş
  10. Hususy eýeçiligindaki kärhanalar üçin Ýylyň dowamynda edilen işler barada gysgaça hasabat
  11. Döwlet edara kärhanalar üçin Ýokary guramanyň Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan Göçürme, Şahadatnama, Tertipnama (Düzgünnama)nusgalary
  12. Ynanç haty+Pasport kopiýa
  13. Papka 1 sany

Bulary hem okaň!

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Hojalyk Jemgyýetini bellige almak üçin gerekli resminamalar

 

Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle