TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Gündogar edebiýatyna sarpa

Ýakynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde gündogary uly alymy, şahyr, döredijiligi we ylmy gözlegleri türkmen topragy bilen hem berk bagly şahsyýet Alyşir Nowaýynyň heýkeli açyldy. «Podborno.uz» saýtynyň saýmagyna görä, heýkel ýaş heýkeltaraş Maksim Makarewiçiň işidir.

Ýeri gelende, Ýewropada Gündogar edebiýatyna uly hormatyň goýulýandygyny aýtmak isleýäris. Gündogaryň görnükli şahsyýetleriniň heýkelleri yklymyň iri şäherleriniň birnäçesinde dikildi. Belarusyň Senatynyň orunbasary Marianna Şetkinanyň aýdyşy ýaly, Alyşir Nowaýynyň galdyran eserleri asyrlaryň dowamynda umumadamzat mirasyna öwrüldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle