TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“GlobalPetrolPrices”: Türkmenistan — benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda

Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugynda galmagyny dowam edýär. GlobalPetrolPrices-yň maglumatlaryna görä, 5-nji dekabra çenli ýagdaýa görä, Türkmenistan oktan mukdary 95 belgili benziniň elýeterliligi boýunça reýtingde ýedinji orny eýeleýär. 1 litr benziniň bahasy ýurtda 0,433 dollar. Bu barada “turkmengaz.gov.tm” saýtynda bellenilip geçilýär.

Mundan başga-da, GDA-nyň çäklerinde Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtdur.

Dünýäde benziniň iň arzan bahasy Wenesuelada hasaba alyndy, 1 litri — 0,016 dollar. Ilkinji üçlükde şeýle hem Liwiýa we Eýran bar, degişlilikde — $0,031 we $0,053 dollar. Şol bir wagtda dünýäde benziniň 1 litriniň ortaça bahasy 1,30 dollar.

Iň gymmat benzin Gonkongda (Hytaýyň ýörite administratiw etraby). Ol ýerde 1 litr benzin — 2,969 dollar.

Belläp geçsek, biziň ýurdumyzda dürli kysymly ýokary hilli awtomobil benzinleri, şol sanda A-95, A-98 Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda öndürilýär. Şol zawodda Euro-5 ülňülerine laýyk gelýän ECO-93 sintetiki benzini işlenip taýýarlanýar.

Bu döwrebap kärhanalarda öndürilýän awtomobil ýangyjy Türkmenistanyň içerki zerurlyklaryny dolulygyna kanagatlandyrýar. Şol bir wagtda, öndürilen önümiň bir bölegi dünýäniň dürli ýurtlaryna eksport edilýär. Şeýlelikde, Türkmenistan öz nebit önümlerini Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen Merkezi Aziýa, Ýewropa, Ýakyn Gündogar we beýleki sebitleriň ýurtlaryna iberýär.

Ýene-de okaň

Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryna gatnaşmakçy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler

“Dragon Oil” kompaniýasyna maýa goýum teklipleri hödürlendi

Teswirle