JEMGYÝET

Global ykdysadyýet ösýär

Global ykdysadyýet ösýär, bu barada Halkara Walýuta Fondy habar berýär. Bugün  Halkara Walýuta Fondy tarapyndan dünýä halk köpçüligine ýetirilen “World Economic Outlook-Update, January 22, 2018”  maglumatnamasyna görä, global ykdysadyýet geçen ýyl 3,7 göterime barabar ösüpdir. 2016-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň 3,2 göterime barabar bolandygyny hasaba alanyňda bu ösüşiň ýokarydygyny aýdyp bileris. Halkara Walýuta Fondynyň çaklamalaryna görä, 2018-nji we 2019-nji ýyllarda halkara ykdysadyýetiň ösüşi 3,9 göterim bolsa gerek. Halkara Walýuta Fondy geçen ýylyň Oktýabr aýynda ýaýradan maglumatnamasynda bolsa, 2018 we 2019-nji ýyllar üçin çaklamalar 3,7 göterim möçberinde görkezilýärdi. Bu bolsa, geçen 3-4 aýlyk döwürde Halkara Walýuta Fondynyň çaklamalaryna täsir eden ýaýdaýlaryň emele gelendigini görkezýär.

Hytaý: 6,8 % ösüş gazandy

Ykdysady ösüşi ýurtlar babatynda seljerenimizde, 2016-nji ýylda 6,7 göterim ösen Hytaýyň ykdysadyýetiniň geçen ýyl 6,8 göterim ösüş gazandygyny görýäris. Halkara Walýuta Fondy 2018-nji ýylda Hytaýyň ykdysadyýetiniň 6,6 %, 2019-nji ýylda bolsa 6,4 göterim ösmegine garaşýar. Bu görkezijiler, Hindistan babatynda, 2017-nji ýylda 6,7 göterim bolan bolsa, 2018-nji ýylda 7,4, 2019-nji ýylda 7,8 göterim bolmagyna garaşylýar. Bellemeli zat, Hytaý häzirki günde türkmen tebigy gazyny satyn alýan ýurt bolsa, ýokary ykdysady ösüşli Hindistanyň hem ýakyn geljekde türkmen tebigy gazyny import etmegine garaşylýar.

Geçen ýyl ABŞ-nyň ykdysadyýeti 2,3 ösüpdir. Üstümizdäki  ýylda hem bu görkezijiniň saklanyp galmagyna garaşylýar. Ýewro sebitinde bolsa, ösüş 2017-nji ýylda 2,4 göterime barabar boldy. Ýewro sebitinde 2018-nji ýylda bu görkezijiniň 2,2 bolmagyna garaşylýar. 

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

 Resmi  Facebook Hasabymyz üçin  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hasabymyz üçin 

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hasabymyz üçin 

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hasabymyz üçin 

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

Ýene-de okaň

“Galkynyş” topary Monte-Karlodaky halkara sirk festiwalynda altyn baýraga mynasyp boldy

Ilçi Demirok: Türkiýe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny doly goldaýar

Ata Watan Eserleri

Tokaýew: Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny goldaýarys

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp wezipesine girişdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Monako Knýazlygyna sapary başlandy

BMG-niň baş binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berildi