TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Global gaz önümçiligi artýar

Bugün  halk köpçüligine ýetirilen “BP Statistical Review of World Energy 2019” maglumatnamasynda bellenişine görä, 2018-nji ýylda global gaz önümçiligi 5,2 göterim  artypdyr. Geçen ýyl dünýäde jemi 3 trillion 867 milliard kubmetr tebigy gaz öndürilipdir. Şonda dünýäde iň köp tebigy gaz ABŞ-da öndürilipdir. Bu ýurtda geçen ýyl jemi 831 milliard metrkub tebigy gaz öndürilipdir. Başgaça aýdanymyzda ABŞ geçen ýyl dünýäde öndürilen tebigy gazyň 1/5-ni öndüripdir. Tebigy gaz önümçiliginde ikinji orun Russiýa degişlidir.  Russiýada geçen ýyl 669 milliard metrkub tebigy gaz öndürildi.  Eýran bu sanawda ýyllyk  239 milliard kubmetr bilen üçünji orunda durýar.  Kanada geçen ýyl  184 milliard kubmetr tebigy gaz öndüren bolsa,  Katarda bu görkeziji 175 milliard kubmetre barabar bolupdyr.  Dünýäniň iň uly energiýa bazaryny emele getirýän Hytaýda geçen ýyl jemi 161 milliard kubmetr tebigy gaz öndürilipdir.  Awstraliýa bu sanawda  ýyllyk 130 milliard önümçilik kuwwaty bilen ünsi çekýär.  Ýewropanyň esasy tebigy gaz öndürýän ýurdy bolan Norwegiýa hem bu sanawda öňdäki orny eýeleýär. Türkmenistanyň tebigy gaz önümçiligi geçen ýyl hem artypdyr we Ata Watanymyz dünýäniň iň köp tebigy gaz öndürýän ýurtlaryň ilkinji 15-line girýär.

Dr. Döwran Orazgylyjow

turkmenlawyer@turkmenlawyer.com

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana boljak döwlet sapary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Teswirle