SIZDEN GELENLER

Gliseriniň peýdaly häsiýetleri

Haýwan we ösümlik ýaglaryndan alynýan gliserin, bu organiki birleşme kisloroddan, ugleroddan we wodoroddan ybaratdyr onuň oýlanyp tapylmagy XVIII asyra degişlidir. Häzirki wagtda kosmetikadan sabyna çenli köp dürli önümlerde giňden ulanylýar. Gliseriniň peýdalary adam durmuşynda örän uly orny eýeleýär

Gliserin çyglylygy saklaýan konserwant hökmünde ulanylýar. Mundan başga-da, güýçlendiriji täsire eýe bolan gliserin, antiseptik aýratynlyklary sebäpli ýokançlyklara we ýaralara garşy täsirli çözgüt bolup hyzmat edýär.  Çyglylygy saklaýan bu organiki komponent, derini bejermek üçin gerekli önümleriň hemmesinde ulanylyp bilner. Antiseptiki aýratynlyklary bolan bu düzüm ekzema we toshbaýaz keselini bejermekde örän peýdallydyr, şeýle hem agyz ýaralaryny bejermekde hem ulanylýar.

Azyk pudagynda, çyglylygyň saklanmagy sebäpli iýmitiň has uzak saklanmagyny üpjün edýär. Hat-da tegmilleri aýyrmakda-da önümleri arassalamakda hem giňden ulanylýar. Mundan başga-da, gliserin çaphana pudagynda hem  möhüm çig maldyr.

Gliserin derini agartmak funksiýasy

Derini nemlendirmek we goramak ukyby bilen bellidir. Gliserin derini agardýar diýip tanalmasa-da, käbir adamlar onuň derini agartmak häsiýetiniň ýokarydygyny öňe sürýärler. Deriniň öýjüklerinde emele gelen  reňk tonyny ýeňilleşdirmek, gara tegmilleri we yzlary bejermek üçin ulanmakda örän amatlydyr.

Saç üçin peýdaly häsiýetleri

Saç düzümindäki çyglylyk sebäpli kelläni we saç kökleri has çalt iýmitlendirýär. Daşarky täsirlere garşy has gowy göreşýär we yzygiderli ulanylanda saçlar bu gurluşy kabul edip has janly, öwüşgünli we berk bolmagyna kömek edýär.

 

Orazgulyýew Atahan,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetininiň mugallymy

 

«Aýy kellesi» rekordy täzeledi

 

 

Ýene-de okaň

Baş wezipämiz – ynsan saglygy

18-nji fewral – Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni

Türkmenistan – energetika döwleti

Nebitgaz toplumy – oňyn görkezijiler

Mekdebe çenli bilim edaralarynda ene-atalar bilen geçirilýän çäreleri guramagyň pedagogik esaslary

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti