SPORT

Gleýzer maşgalasy “Mançester Ýunaýted” toparyny satmakçy

Gleýzerler maşgalasy Angliýanyň futbol boýunça milli çempionatynyň güýçli toparlaryndan “Mançester Ýunaýted” toparyny satmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Daily Mail” neşiri habar berýär.

Gleýzer maşgalasy topar üçin 3,75 milliard futn-sterling talap edýär. Şeýle uly möçberdäki nyrhnamany Beýik Britaniýanyň iň baý adamlarynyň biri we “Mançester Ýunaýted” toparynyň janköýeri Jim Retkliffiň töläp-töleejekdigi näbelli. Ol “Çelsi” toparyny satyn almagy göz öňünde tutupdy. Ýöne başa barmady.

“Mançester Ýunaýted” toparyny satyn almaga isleg bildirýän dalaşgärleriň biri Dubaýyň maýa goýum gaznasy boldy.

Angliýanyň futbol boýunça milli çempionatynda köp sanly üstünlikleri gazanan “Mançester Ýunaýted” topary üstümizdäki ýylda düzümini güýçlendirmek üçin 229 million funt-sterling gönükdirdi.

Düzümini güýçlendiren topar Angliýanyň çempionatynda gowy netijeler gazanyp başlady. Ilki başda şowsuz netijeler gazanan hem bolsa, soňlugy bilen “Lester” we “Arsenal” ýaly toparlary ýeňip, utuklaryň sanyny artdyrýar.

Ýene-de okaň

Ronaldodan özboluşly rekord

Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi

“Arkadag” toparynyň ýeňlişsiz ýoly dowam edýär

Türkmen türgeni Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazandy

Hytaýda 19-njy Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

ХIХ Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň baýdagy galdyryldy