JEMGYÝET

Gökderede gyşky dynç alyş

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary özleriniň gyşky dynç alyş günlerini hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda her ýyl guralýan baýramçylyk çykyşlaryna gatnaşmakdan başlaýarlar. Şu ýyl hem 2-nji ýanwarda Türkmenistanyň dürli ýerlerinden gelen çagalar Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökderedäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerine gyşky dynç alşyny geçirmek üçin uly dabara bilen ugradyldy. Dabara gatnaşanlar ösüp gelýän nesliň sazlaşykly kemala gelmegi, ähli ýerlerde döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurulmagy barada edýän yzygiderli aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Gökderäniň dynç-alyş merkezlerinde çagalaryň göwnejaý dynç almagy hem-de boş wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.

Okuwçylar üçin dürli ugurlar boýunça gurnaklary, kompýuter programmalaryny we daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça okuwlary, işjeň we öwreniş dynç alyşlary guralýar. Okuwlary gurnamaga ýokary okuw mekdeplerinden terbiýeçilik hünärleri boýunça bilim alýan talyplar hem gatnaşýarlar. Dynç alşyň çäklerinde çagalar üçin paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençler gurnalar. Bu mümkinçilikleriň hemmesi hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň geljekki nesliniň sagdyn ruhda bolmagy üçin edýän aladalarynyň mysalydyr.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň wise-prezidenti Arkadag şäherine baryp gördi

Ata Watan Eserleri

Jewdet Ýylmaz: türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmakda hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

Jewdet Ýylmaz: Türkmenistan esasy söwda hyzmatdaşymyz

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi badalga aldy

Ata Watan Eserleri