TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ginnesiň rekordlar kitaby

Ginnesiň rekordlar kitaby ilkinji gezek 1955-nji ýylda Beýik Britaniýada iňlis dilinde çapdan çykarylýar. Onuň awtory ýa-da baş redaktory Kreg Glendeý hasaplanýar. Bu kitaby çap etmek pikiri angliýaly Hýu Biwer tarapyndan orta atylypdyr we Ginnes kompanýasyna sargyt esasynda çykarylypdyr. Ilki ilkiler bu kitapda anyk ylmy maglumatlar görkezilipdir. Bütin dünýäde iň köp okalýan kitap hökmünde hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen hasap edilýär.

2005-nji ýyldan häzirki güne çenli her ýylyň 9-njy noýabry Bütindünýa Ginnesiň Rekordlar güni diýlip bellenilip geçilýär. 2005-nji ýylda Beýik Britaniýanyň NBS teleýaýlymynda Ginnesiň rekordlar kitaby atly gepleşigi döredildi we bu kitabyň meşhurlygy has hem artdy.

Ginnesiň rekordlar kitaby:

-Baýlyk

-Ýetilen dereje

-Bilim

-Sungat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri

-Adam

-Edermenlik

-Şöhrat

-Sport

-Häzirki zaman tehnologiýasy ýaly bölümleri bar.

                                                          Afruza  Öräýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ýene-de okaň

Bıtaraplyk- bagtymyz

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle