Şu ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň umumy milli lideri Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy bellenýär. Şonuň üçin Azerbaýjan Respublikasynda 2023-nji ýyl “Geýdar Aliýewiň ýyly” hökmünde yglan edildi. Bu şanly sene mynasybetli Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem birnäçe çäreleri gurnaýar.
Golaýda Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy azerbaýjan halkynyň umumy milli lideri Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik guraldy.
Ine, bu gün bolsa, ilçihana tarapyndan bag ekmek dabarasy geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Zeýnalow we ilçihananyň işgärleri gatnaşdy. Azerbaýjanyň ilçihanasynyň daş-töwereginde Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygy mynasybetli 100 düýp bag ekildi.
Bag ekmek dabarasynyň çäklerinde ilçi Hasan Zeýnalow habarçylara beren beýanatynda Azerbaýjanda umumy milli lider Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli köp sanly çäreleriň gurnalýandygyny belläp, Türkmenistanda hem bu ugurda birnäçe çareleriň göz öňünde tutulandygyny mälim etdi.
Azerbaýjanyň ilçisi Geýdar Aliýewiň hormatyna 100 düýp bagyň ekilýändigini belläp, Geýdar Aliýewiň ekologiýa ugruna has köp üns berendigini, häzirki wagtda Azerbaýjanda döredilen köp sanly gök zolaklaryň emele gelmeginde umumy milli lideriň goşandynyň uludygyny belledi.