SPORT

Getži Fergusondan üstün çykdy

ABŞ-nyň Jeksonwilde (Florida) şäherinde “UFC 249” atly garyşyk söweş sungaty boýunça bäsleşik geçirildi. Bu ýaryşyň esasy wakasy Toni Ferguson we Jastin Getžiniň arasyndaky duşuşyk boldy. Iki türgene-de wagtlaýyn ýeňil agramda çempion bolmak ady garaşýardy.

Ilkinji iki raundda türgenlere onçakly bir köp garşydaşyndan üstünlik gazanmak mümkinçiligi bolmady. Türgenleriň ikisi-de birnäçe takyk hüjümler bilen birek- biregi barladylar. Ikinji bäş minutyň ahyrynda Fergýusonyň güýçli urgusyndan soň, Getži deňagramlylygyny ýitirdi.

Üçünji raundda Getži doly artykmaçlygy eýeledi, Fergusonda bolsa gematoma emele geldi. Dördünji raundda Jastin doly derejede garşydaşyna garşy hüjümini artdyrdy.

Bäşinji raundda Ferguson özüni gorap bilmedi we has köp urgylary goýberdi. Raunddyň ahyrynda emin Herb Dean tutluşygy bes etdi. Şeýlelikde, Jastin Getži ýeňil agramda wagtlaýyn çempion diýen adynyň eýesi boldy.

Ol indi russiýaly Habib Nurmagomedow bilen duşuşmaly bolýar.

Ýene-de okaň

Messi “Instagramda” 500 million yzarlaýja ýetdi

Meşhur tälimçi Arsen Wengere türkmen halysyny sowgat berildi

Arsen Wenger: Türkmenistana futbolda uly üstünlikler arzuw etdi

“Arkadag” topary Gyrgyzystanyň “Abdyş-Ata” toparyny ýeňdi

Braziliýa 15-nji gezek dünýä çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Liwerpul” topary 10-njy gezek Angliýanyň Liga kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri