TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Germaniýanyň kubogynyň finaly: “Bawariýa” – “Baýer”

Germaniýanyň kubogy almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda ýurduň geçen ýylky çempiony “Bawariýa” bilen “Baýer Lewerkuzen” toparlary oýnar. Bu duşuşyk 4-nji iýuldan Berlin şäherindäki Olimpiýa stadionynda geçiriler.

“Bawariýa” topary kubok ýaryşyňyň ýarym finalynda “Aýntraht” toparyny 2-1 hasabynda ýeňmegi başardy. Ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Iwan Perisiç bilen Robert Lewandowski geçirdi. Toparyň hüjümçisi Robert Lewandowski şu möwsümde 45 gol geçirip, rekordyny täzeledi. Ol 2016-2017-nji ýylyň möwsüminde 43 gol geçiripdi.

Finala duşuşygyna gatnaşjak beýleki topar “Baýer Lewerkuzen” bolsa ýarym finalda Germaniýanyň aşaky ligalarynda  çykyş edip, şu ýyl kubok ýaryşynda erjel oýun görkezen “Saarbrýukenom” toparyny 3:0 hasabynda utdy.

Şeýlelikde Germaniýanyň öňdebaryjy topary hasaplanýan “Bawariýa” kubok ýaryşynda 24-nji gezek final duşuşygynda oýnamaga hukuk gazandy. Topary 19 gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. 4 gezek final duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy.

“Baýer” topary diňe bir gezek, ýagny 1992-1993-nji ýylyň möwsüminde bu arzyly kubogy eýeläpdi. Topar 4 gezek final duşuşygynda çykyş etmek hukugyny gazanypdy. Bu gezek bolsa 11 ýyldan soňra finala çykdy.

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle