TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Germaniýanyň kubogyny “Leipsig” gazandy

Germaniýanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň finalynda “Leipsig” bilen “Fraýburg” toparlary duşuşdy. Berlin şäherindäki “Olimpiýaştadion” stadionynda geçirilen final duşuşygynda ýeňiş gazanan “Leipsig” topary kubogy gazanmagy başardy.

Şeýlelikde, “Leipsig” topary taryhyndaky ilkinji kubogyny gazandy. Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. 11 metrlik jerime urgulary netijesinde, 4:2 hasabynda ýeňiş gazanan “Leipsig” ýeňşini baýram etdi.

Toparyň tälimçisi Domeniko Tedesko hem tälimçi hökmünde ilkinji kubogyny gazandy.

 

Mbappe “PSŽ” toparynda galdy

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle