TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Germaniýanyň futbol toparlaryndan ýokary girdeji

Germaniýanyň futbol çempionaty bolan “Bundesliga”-da çykyş edýän futbol toparlary 2018-2019-njy möwsümde jemi 4,02 milliard ýewro girdeji gazandy.

Germaniýanyň Futbol topary bileleşiginiň beren maglumatyna görä, futbol ligasynda çykyş edýän 18 topar geçen möwsümde girdejisi 5,4 göterim ýokarlandyrdy. Hasabatda german toparlarynyň 4,02 milliard ýewrolyk girdeji gazanyp, bassyr 15-nji gezek rekordy täzeledi.

Şeýle hem Germaniýanyň ikinji derejeli futbol çempionatynda (“Bundesliga 2”) çykyş edýän toparlar geçen möwsümde bir öňki möwsüme garanyňda, girdejisini 28,5 göterim artdyryp, 782 million ýewro ýetirdi.

Soňky ýyllarda Germaniýada ýokary derejeli futbol iň bir girdejili pudaga öwrüldi.

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle