TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Germaniýanyň “derbi” duşuşygy

Şu gün Germaniýanyñ çempionatynda taryhy duşuşyk geçiriler. “Borussiýa Dortmund” özüniñ “Signal Iduna Park” stadionynda çempionatda birini orunda barýan “Bawariýa” toparyny kabul eder. Wagtlaýyn arakesmeden soñ, bu iki toparam “Bundesliga” çempionatynda ýeñiş bilen başlady. “Borussiýa” öz gezeginde “Şalke” toparyny 4:0 we “Wolfsburg” toparyny 2:0 hasabyny bilen ýeñmegi başardy. “Bawariýa” bolsa, “Ýunion” toparyny 2:0 we “Aýntraht” toparyny 5:2 hasabyny bilen utmagy başardylar.

Birinji aýlawda “Bawariýa”-“Dortmund” arasyndaky duşuşyk 4:0 hasabynda tamamlandy. Ýöne ondan öñ “Dortmund” Superkubokda “Bawariýany” 2:0 hasaby bilen ýeñdi.

“Bawariýa” çempionatda myhmançylykda geçirýän duşuşyklarda has gowy netije görkezýär – diýip tanalýar. “Dortmund” bolsa öz meýdançasynda gowy netijeler gazanýar.

Şu günki duşuşykda “Dortmund” toparynyñ düzüminde Hummels we Marko Roýs duşuşyga çykyp bilmeýär. “Bawariýa” toparynyñ düzüminde Felippe Koutinýo oýnamaýar. Tiago Alkantaranyň ýagdaýy entek belli däl.

“Bawariýa-Borussiýa Dortmund” duşuşygy şu gün sagat 21:25-de başlaýar we “Türkmenistan Sport” teleýaýlymyndan hem göni ýaýlymda görkeziler.

Häzirki wagtda “Bawariýanyň” 61 utugy, “Dortmundyň” bolsa 57 utugy bar. Çempion bolmak isleýän her iki topar üçin hem bu duşuşyk örän möhümdir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynda 24 medal gazandy

Ýaşyl meýdançanyň ýyldyzynyň ekologiýa zyýany

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Teswirle