Germaniýada örtügiň ornuna…

Ýewropada we Ýer ýüzüniň beýleki yklymlarynyň käbir döwletlerinde koronowirus keseliniň täze, has ýiti akymynyň ýaýramagy bilen, öňüni alyş çäreleri has güýçlendirilýär. Bu güýçlendirmeler Germaniýada hem göze ilýär.

«Deutsche Welle» neşiriniň ýazmagyna görä, Bawariýa şäherinde örtügiň ornuna FFP2 toparyna degişli bolan respirator dakmak zerurlygy girizildi.

Mundan beýläk şäherdäki dükanlarda, jemgyýetçilik ulaglarynda we beýleki köpçülik ýerlerinde  ýokarda görkezilen respiratory dakynmaly bolar. Hökümet halkyň käbir gatlaklaryna bu respiratorlary mugt paýlamak üçin 34 million wauçer möçberinde serişde harçlady.

 «The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, täze düzgün 24-nji ýanwardan güýje girer. Ýöne awtobus sürüjileriniň we 15 ýaşa ýetmedikleriň bu düzgünlerden azat edilmegi mümkin. Iň ýakyn geljekde bolsa respirator düzgüni Germaniýanyň beýleki ýerlerinde hem giriziler. Goňşusyndan görelde alýan Awstriýada bu düzgün 25-nji ýanwardan güýje girer.

 

Okap bilersiňiz  BSGG-niň wekilýetiniň Türkmenistana sapary

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!