BILIM

Germaniýa iş tejribeçiligi üçin söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde, «Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy» maksatnamasynyň 2024-nji ýyldaky tapgyrynyň «Umumy ykdysady hyzmatdaşlyk» toparyna gatnaşjak, döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşlik yglan edýär

Söhbetdeşlige gatnaşmaga isleg bildirýänler 2024-nji ýylyň 26-njy martyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Türkmen hem-de german telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we 2024-nji ýylyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda 2 hepdelik tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär.

Dalaşgärler iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

1. Ýokary bilimli bolmaly.

2. Telekeçi ýuridik şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat şäheri we welaýatlar).

3. Dalaşgäriň azyndan 2 (iki) ýyl iş tejribesi bolmaly.

Goşmaça maglumatlary we doldurylmaly zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtynda görmek bolar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 39-43-55, 39-45-72.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Tatarystan bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen okuwçylar Kuala-Lumpurda ýeňiş gazandylar

Türkmen wekiliýeti Kataryň «Bilim şäherçesine» baryp gördi

Türkmenistan we Katar bilim pudagynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Ata Watan Eserleri

Phrasal verbs ýa-da Durnukly Söz düzümleri

Türkmenistanyň bilim ministriniň Katara sapary

Ata Watan Eserleri