JEMGYÝET

Gelmegiň Gerek

Sensiz günler sapagyndan tänenok,

Ne halda men, asyl aňam edeňok.

Ýanyňda näme bar, ýene näme ýok?!

Diýmegiň gerek.

 

Yşk ýüregme göýä ot bolup daman,

Üýtgedesim gelýär günleri ýaman,

Derdimi egniňe alyp bir zaman,

Çekmegiň gerek.

 

Seýigi ýetmeýär bu ynjyk göwnüň,

Ak daňlara umyt-ynamym döwnük,

Söýgüden bogazyň dolanda, düwnüp

Görmegiň gerek.

 

Ykbal bir baglaýar bir kişä ynam,

Ýürek duýgularda ejizlär, ynan,

Men ýöne bir ýere aglamok, onam

Bilmegiň gerek.

 

Derdiňe dertdeşdir gözüňden aňan,

Aýt haýsy dünýäkä, ikimiz daňan,

Göwün bi, käteler ýalanjykdanam,

Söýmegiň gerek.

 

Men diýseler, oňýansyňam tisginmän,

Seret maňa tarap, ýeter seslenme,

Gaharyma näler diýsemem: «Gelme!»,

Gelmegiň gerek.

Gurbanmyrat SARYÝEW

 

 

Ýene-de okaň

Kuraş-2023: Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň 5-nji altyn medalyny Daýanç Omirow gazandy

Kuraş-2023: Sabina Kadyrowa altyn medal gazandy

“Süýji gün” – süýji günlerde

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen ABŞ ekologiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Kuraş-2023: Türkmenistan 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazandy

Ata Watan Eserleri