BIZNES

Geljegiň ulagy: wodorod ýangyçly otly

Ýewropa Bileleşigi «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek maksatnamasynda wodorodly energetika has köp ähmiýet berýär. Ýewropa Komissiýasy 2024-nji ýyla çenli wodorod ýangyjyň önümçiligini 6 esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu hem onuň nyrhynyň peselmegine mümkinçilik döreder.

Häzirki wagtda ulaglaryň köp görnüşinde ýangyjyň bu görnüşini ulanmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Fransiýanyň “Alstom” kompaniýasy wodorod ýangyçly otly taslamasyny işläp düzdi. Ol sagatda 110 kilometr tizlige ýetip, 300 ýolagça niýetlenendir.

Iň esasy zat, energiýanyň çeşmesi otlynyň üçeginde ýerleşýär. Ýewropada bäş müň dizel otlusyny çalyşmak babatda işler alnyp barylýar. Germaniýa eýýäm 40-dan gowrak wodorod bilen işleýän otlulary sargyt etdi we wodorod energiýasyny ösdürmek üçin 9 milliard ýewro maýa goýmagy meýilleşdirýär.

Ýewropa Komissiýasy wodorod ýangyjynyň howa zyňylýan hapa  gazlarynyň möçberini azaltmaga we müňlerçe iş ýerlerini döretmäge kömek etjekdigine ynanýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “Ulus kabel” markaly mis kabelleriň önümçiligi ýola goýuldy

6 ýurduň Premýer-ministri Hytaýdaky halkara sergä gatnaşar

«Guwlyduz» kombinatynda duzlaryň dürli görnüşleri öndüriler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Rus kompaniýalary Astrahan-Türkmenbaşy howa gatnawlarynyň açylmagyna gyzyklanma bildirýär

Türkiýe 2025-nji ýylda Stambulda gaz söwda merkezini döreder