Gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümleriň howpsuzlygy we hili

Gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümleriň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmegiň düzgünlerini we kadalary tassyklandy. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 19-ö belgili buýrugy bilen tassyklanan “Gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümleriň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmegiň düzgünleri we kadalary” Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 17-nji fewralynda 1442 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy  we Ministrligiň web saýtynda halk köpçüligine ýetirildi.

Bu kadalar gelip çykyşy haýwanlardan, ýagny gylýallardan, düýelerden, iri we ownuk şahly mallardan, doňuzlardan, guşlardan, balyklardan we beýleki suwuň biologik serişdelerinden, bal arylaryndan (bilelikde ulanylanda mundan beýläk-mallar, birlikde ulanylanda her görnüşiň ady atlandyrylýar) bolan iýmit önümleriniň, ýagny et we et önümleriniň, süýt we süýt önümleriniň, balyk we balyk önümleriniň, guş etiniň we ýumurtganyň, bal ary önümleriniň (mundan beýläk-iýmit önümleri) howpsuzlygyna we hiline, olaryň öndürilişine we dolanyşyk şertlerine bildirilýän talaplary kesgitleýär. Esasan hem iýmit önümlerini öndürmek (taýýarlamak), gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak we ýerlemek bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişli bolan Kadalary şu ýere basyp dolulygyna okap bilersiňiz!