TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Gelin gabanjaňlygy

Ynsan duýgylarynyň näzik taryna kakyp bilýän saz atly inçe sungatyň muşdagy köpdir.   Sebäbi bu gadymy senediň  jadylaýjy güýji kalplara täsir edip, öz hökümini ýöredip bilýär.  Bu günki gün etrapda tanymal aýdymçylaryň biri hökmünde tanalýan Maksat aýdym-sazy özüne ýakyn saýyp geljekdäki hünär ýolyny şu ugurdan saýlady. Talyplyk  ýyllarynyň süýji ýatlamalarynyň köpsi aýdym şeýle hem  köňül köşgüniň melikesi bolan talyp ýyldaşy Dünýä bilen baglydy. Okuwyň soňky  ýylynda  durmuş guran Maksat bilen Dünýä birnäçe ýyl bäri  ,,Mähribanym” atly aýdyşyk aýdymy aýtmak üçin  taýýarlanýardylar. Bu aýdym göräýmäge gaty bir üýtgeşik däl ýaly bolup görünse-de, ýaşlaryň bagt hakdaky arzuwlarynyň wysalydy. Emma Dünýäniň ikinji gezek ene bolmaly günleriniň ýakynlaýanlygy sebäpli, Maksat aýdymy özleri bilen bile işleýän Leýla bilen  aýtmaly boldy.

Howla çykan Maksadyň özüne tarap ýöräp gelýänini Dünýä tä ol ýanyna gelip gürleýänçä duýmady.

— Men taýýarlyga barýan –  diýip, gelniniň ýüzünden bir many okajak bolýan ýaly ony synlady.

Dünýä şol aýdymy aýtmana gaty höwes edeni üçinmi ýa başga hyýalda oslagsyz soragy orta atdy:

— ,,Mähribanymmy”!?

— Hawwa, ýöne sen islemeseň aýtjagam däl!

— Ýok aýdyberiň! –  diýdi.

Maksat hälki sözüniň üstüni ýetirdi:

— Biz bu aýdymy ilkinji bolup bilelikde aýtmak  üçin az taýýarlanmadyga, sag-aman bäbejigimizi eliňe alansoň aýtsagam bolar – diýip, gelniniň ynjamagyny islemeýän terzde janykdy.

Dünýä bu söze nägilelik bildirdi:

— Her zat öz wagty bilen bolsa gowy, ilkinji gezek aýtmaly bolanymyzda Allanurjan doguldy, ol biraz ulalsyn diýip,  garaşdyk indem ýene garaşjakmy!

Maksat:

— Elbetde, diýeniňe kaýyldyryn, hyzmatyňa taýyndyryn – diýip, talyplyk ýyllarynda köp gaýtalaýan sözüni gaýtalady.

Dünýä çyny bilen janykdy:

— Munçada bir garaşmak bolarmy.

Maksat degişme gatyşykly edip göwnündäkini dile getirdi:

— Senden özgesi bolanda munça taýýarlykdan soň özi aýdyp bilmese, ,,şony aýtsaň ejemlere gitjek”  diýerdi.

Dünýäde ondan kem galmady:

— Kim bilýä belki sahnada seni başga biri bilen görsem şol ýerden ejemlere gidäýmegimem mümkin – diýip, sözüni soňlady.

,,Oýunam bolsa aňyrsynda çyn ýatyr” diýip, pikirlenen  Maksat gepi başga ýana sowanyny kem görmedi.

— Ýol ugra dükanada girjek öýe gerek zat barmy – diýdi.

Dünýä bolsa:

— Ýok – diýdi-de, Maksady ugratdy.

Gelniniň ýüzünden, hereketlerinden hiç hili üýtgeşme duýmadyk Maksat teatra geldi. Teatryň sahnasy onuň  üçin has hem ezizdi. Sebäbi ýokary okuw mekdebiniň gapysyndan ätläden soň, halypa mugallymlarynyň sapaklaryny diňläp amalda öwrenenlerini tejribelikde teatr atly jadyly dünýäde  öz Dünýäsi bilen bile özleşdiripdi. Talyplyk ýyllarynyň gyzykly wakalaram ondan soňky iş bilen baglanşykly zatlaryň ählisi hem teatr sahnasy  bilen baglanşyklydy.

Soňky taýýarlyk güni bolansoň, konsertde gatnaşýanlaryň ählisi öz nobaty bilen sahna çykyp başladylar. Olara  jogapkär hökmünde bellenilen Merdan  aga:

— Berekella  yhlasymyz ýerine gowuşdy, ertir irden  sahna bezeglerini etsek galan zatlar gül ýaly – diýip, topardan göwni hoş halda olara birlaý göz aýlady.

Agşam saçak başynda çaýly käsesini eline  alan  Maksat irdenki meseläni ýene gozgady:

— Dünýäm göwnüme bolmasa birhili sen öýke edäýjek ýaly bolup dursyň – diýdi.

— Maksat  irden şu aýdymly gürrüňi bir ýüzli etdig-ä, ýene gaýtalamak nämä gerek, men Leýlany gowy tanaýan eger öýkelejek bolanymda taýýarlygyňyz barada aýdan badyňyza  öýkelärdim  – diýip,  Dünýä kesgitli jogap berdi.

Maksat:

— Öň hatardan size ýer alyp goýandyryn –  diýip, elindäki petegini Dünýä uzatdy.

— Bolýa  – diýip,  Dünýä makullaýjylyk äheňde baş atyp aldy-da, petege seretdi.

Dünýäniňem Maksadyňam  garaşan güni ýetip geldi. Konsert başlamagyna az wagt galanda sahnaň ýapyk perdesinden tomşaçylary jyklap seredýän Maksadyň göwnünde ilkinji gezek sahna çykýan ýaly üýtgeşik bir gorky  bardy. Ol bu gorkynyň  Dünýäniň gabanmagyndan ätiýaç edýänligi üçin dörändir öýdip özüne göwünlik berdi.

Allanurjygyň elinden tutup teatra ýetip barýan Dünýä öňünden çykan tanyşlary bilen gadyrly salamlaşdy. Olar bilen hal-ahwal soraşýança içeri girişlik yglan edildi. Dünýä talyplyk ýyllarynyň süýji ýatlamalaryny, iş bilen bagly zatlary  hakydasynda janlandyrýan sahnany synlap, özi üçin niýetlenen ýere geçip oturdy.

Yzyly-yzyna edilýän çykyşlar tomaşaçylaryň  göwün guşuny ganatlandyryp olara ruhy lezzet paýlaýardy. Dünýä  üçin tanyş bolan sazyň astynda sahna Maksat bilen Leýla girip geldiler.

Bagt dünýä  gujak açýar,                (Gaýtalamak)

Bagt dünýä  gujak açýar,

Synla.                                                                      (Gyz)

Deňimizden ýyllar geçýär,

Ýyldyz deýin nurun saçýan,

Ýyldyz deýin nurun saçýan.

Sen ýeketäk mähribanym.

 

Yşkdyr älem bize haýran,                                    (Oglan)

Sagdyr, solum, ileri, gaýram.

Menzilleri aşyp barýan,

Sabyrymsyň mähribanym.

 

Täleýimde bagt bije,

Goýmaz bizi mundan gije,

Arzuw atly beýik güýje,

Wysalymsyň mähribanym.

 

Leýli, Şirin bolmaz aýym,

Mejnun, Perhat bolmaz taýym,                  (Bilelikde gaýtalamak)

Leýli, Şirin bolmaz aýym,

Mejnun, Perhat bolmaz taýym,

Dilde barym, göwün tarym,

Sendedir meň bar hyýalym,

Geljegimde  arzuwlanym.

Sen ýeketäk mähribanym.

Ýaşlaryň  göwün taryna kakýan bu aýdyşyk aýdymy tomaşaçlar üçin  täsirlidi. Dünýäň  ýüzündäki hälki şatlygy zym-zyýat boldy. Göwnünde düşündirip bolmajak bir duýgy peýda boldy-da, ýürek bilen akylyň arasynda gapma-garşylygy döredip, sahna  tarapa nägile nazar bilen seretdi. Goşa gumry ýaly sahna gelşik berip duran Maksat bilen Leýlany  daşyndan synlap oturyşyna  ol ilkinji gezek gabanjaňlyga öz erkini aldyrypdy. Ol duýgy sekuntlarça wagtyň içinde Dünýäniň göwün mülkini weýran etdi. Dünýäniň göz öňünde bagtly ýatlamalaryna atanak çeken öýkesi oňa ynjalyk bermedi. Ol bu aýdymyň nädip başlanyp nädip tamam bolýanyny bilýänem bolsa, öň  bu duýgy onuň hyýalynada gelmändi. Maksady başga biri bilen göreni täsir etdimi ýa başga sebäpdenmi aýdymyň ahyrynda  Maksat elindäki güli Leýla  berýän pursadyny görmezlik üçin ,,daşyna çykyp diňläýinle” diýip,  Allanurjygyň  elinden tutudy-da, gaýtmak bilen boldy. Hyýalynda ,,Ýok men saňa düşünýän,  maňa näler  islemeseň aýtjagam däl diýipdi,  şu gursagymy ýaryp barýan düşüniksiz gabanjaňlygym  nirden peýda boldy bilmedim, ýanyňda başga birni görmek maňa agyr degdi öýdýän, ynanaý aýdymyň meni özüne näçe imrindiren bolsa, gabanjaňlygym  ol ýerde oturmaga takat bermedi, wah sen menden özgesine barmyň diýmejegiňem bilýänle, gaýdanym üçin menden gaty görme“ diýip, hoş owazyna maýyl edip barýan aýdymyň ahyrlaryna garaşyp başarda diň salýan  pursady edil gabat garşysynda duran gyzlaryň özara gürrüňleri Dünýäniň ünsini çekdi.

— A gyz Maksadyň aýdym aýdyşy gaty üýtgeşik sesindäki labzy adamy özüne çekýär, bir diňleseň ýöne diňläsiň gelip dur! – diýdi.

Bu sözleri jogapsyz goýmadyk jorasy:

— Wah näsini aýdýan sahna bezeg berýän bu ýaşlar  bir-birine mynasyp eken, çykyş etmeli däl bolanymda uly höwes bilen zalda diňlärdim – diýdi. Ondan soňky edilen gürrüňler  Dünýäniň gulagynada ilmedi. Häliden bäri  Maksady aklamak üçin sebäp gözleýän geliniň göwüne birden müňkirlik aralaşdy, şol pursat  bar sesi bilen möňňürip aglaýasy geldi, gaşlary çytyldy, ýüzi gyzardy. Edil köýen ary bar ýaly gyzlara gaharly nazar bilen seretdi-de, mundan artyk durup bilmejegine gözi ýeten Dünýä daşky gapa ýöneldi. Zaldan çykyp gaýdaly  bäri Maksady aklamak üçin elinde baryny edip öz-özüne göwnülik berýän  geliniň niýeti üýtgedi, göwnündäki müňkirlikdir  gahar gazaby bilen hyýalynda ,,Wah tanyş-nätanyşlardan utanmadyňmy, olar näme pikir ederler diýip,  pikirlenmediňmi? Özgä mähribanym diýip, göz güldürseň iller üstümizden gülmezmi, bu zatlaryň maňa şu halymda agyr batjagyny oýlanmadyňmy, hany seň wepaň bir mahallar senden özgesine çemen bogup güller bermerin diýen wadalaryň sözlerde galdymy?” diýip ondan nägile boldy. Oýlanmalar ummanynda gark bolup barýan pikirlerini halas etjek bolup, eşidiler eşidilmez hüňňürdedi ,,Men beýle zada garaşmadym!”

Aýdym tamam bolup onuň soňy şowhunly el çarpyşmalara goşulyp gitdi. Dumly-duşdan  eşidilýän ,,Berekellalar” aýdymyň ýerine düşenliginiň alamatydy. Maksat ýüzläp gözleriň içinden öz mähriban ýarynyň nazaryny gözläp tapmady. Garaşan we garaşmadyk pursadynyň bolanyna göz ýetiren Maksat

gelniniň göwnünde düwün bolmagyna ýol bermezlik üçin mähriban ýaryna bagyşlap döreden aýdymyny:

— Hormatly adamlar bu aýtjak aýdymym  konsertde edilmeli çykyşlaryň sanawyna girizilmedik. Men bu aýdymy özüm üçin iň mähriban ynsanyma  bagyşlamagy makul bildim – diýen  sesi ýaňlanyp daşky gapa  golaýlap barýan gelini saklady, ol yzyna seredeninem duýman galdy. Öňe ädilmeli ädimler yza tesdi.

Pesaýjadan mylaýym ýaňlanan saz barha belent perdä galyp Maksadyň şirin sesine goşulyp ony diňleýänleriň ünsini çekdi. Hälki bady bilen gitmek islän Dünýäniň niýetinden dänmegine sebäp bolan sözler, ony ýene yzyna getirdi.

Gussaňy unudyp ýylgyryp gülseň,

Ýüzüňdäki nuruň meniň yşkymdyr

Gije uklanyňda süýji düýş görseň,

Şol süýji düýşleriň meniň yşkymdyr.

 

Aýdymlara sesin goşsa bilbiler

Başyň sypap geçse garagol ýeller

Ýene meni ýada salsa ak güller.

Baglan çemenleriň meniň yşkymdyr.

 

Diýdirmedi  ykbal özgäniň ýary,

Bagtyň nury gurşap aldy çar ýany.

Uzaklarda galdy ýyllaryň bary.

Ýyllara ýar bolan meniň yşkymdyr.

 

Durmuş synagynda  gynansaň sähel,

Guşlaň owazyna diň sal ir säher.

Düzleri gülledip geläýse bahar,

Bahar bolup gelen meniň yşkymdyr.

 

Aýdymy ussatlyk  bilen ýerine ýetirýän Maksadyň nazary daşky gapydan özüne tarap ýöräp gelýän Dünýäde eglendi. Göreçler göreçlerde eglenende olar sözsiz düşünişdiler. Maksat ýuwaşlyk bilen sahnadan düşdi-de, aýdyma maýyl bolup ýöräp gelýän Dünýäň garşysynda saklandy. Iň ýakyn diňleýjisi bolan mähriban ýaryna elindäki gül çemenini berdi.  Ol bagtdan lowurdaýan göreçlere uzak seredip bilmän ondan ýüzüni sowdy. Dünýä eşidiler eşidilmez pyşyrdady:

  • Seniň mukaddes duýgyňa müňkirlik edenim üçin meni bagyşla! – diýdi-de,

gözlerinden hünji damjalary ýaly syrygan gözýaşlaryny eliniň alaýasy bilen çalaja süpürdi….

Gunça ORAZOWA,

 Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

      institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby. 

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle