TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Geçen aý “Volkswagen” 885,000 awtoulag satdy

“Scania”, “MAN”, “Lamborghini”, “Skoda”, “Audi”, “Porsche” we “Bugatti” ýaly köp sanly markany öz içine alýan “VW Group” iýul aýynda awtoulag satuw maglumatlary barada habar berdi.

“Volkswagen Group” iýul aýynda awtoulag satuwynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,2 göterim azalandygyny we 885,700-e ýetendigini habar berdi.

Koronawirus sebäpli satuw işleri biraz peselen nemes awtoulag öndürijisi “Volkswagen” satuwyny kadalaşdyrmak üçin birnäçe işleri alyp barýar.

“VW Group” -yň Hytaýdaky awtoulag satuwynyň 4,8 göterim ýokarlanyp 328,500 awtoulaga, Günbatar Ýewropadaky söwdasynyň bolsa 1,9 göterim peselip 321,300 awtoulaga ýetendigi aýdylýar.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle