SPORT

GDA ýurtlarynyň sport oýunlary haçan geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Bedenterbiýe we sport geňeşi, 2021-nji ýylyň 4-11-nji sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiriljek GDA ýurtlarynyň oýunlarynyň möhletini tassyklady diýip, TASS habar gullugy Russiýanyň Sport ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Geňeşiň mejlisi wideo konferensiýa arkaly geçirildi. Çärä ýerine ýetiriji komitetiň we GDA agza ýurtlaryň sport pudagynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşykda GDA ýurtlardaky sport hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. GDA-nyň Bedenterbiýe we sport geňeşi, 2021-nji ýylda geçiriljek GDA ýurtlarynyň oýunlarynyň guramaçylyk işleri boýunça başlygy wezipesine Russiýa Federasiýasynyň ygtyýarly wekili, Döwlet sekretary – Russiýanyň Sport ministriniň orunbasary Kseniýa Maşkowany belledi. Geňeşiň indiki mejlisi GDA ýurtlarynyň Kazanda geçiriljek oýunlary wagtynda geçiriler.

GDA ýurtlarynyň oýunlary aslynda 20-27-nji awgustda geçirilmelidi, emma pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň sentýabr aýyna süýşürilipdi. Şol döwürde  bu ýaryşy 230 sany medal ugrunda 3,5 müň türgeniň gatnaşmagynda geçirmek meýilleşdirilipdi. Soňra bolsa bu ýaryşyň gurnaýjy topary, oýunlary 2020-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli yza süýşürmek kararyna geldiler.

14 ýaşdan 23 ýaş aralygyndaky türgenler GDA ýurtlarynyň oýunlarynyň taryhynda ilkinji bolup gatnaşarlar we 21 görnüşli maksatnama boýunça medal almak ugrunda bäsleşerler. Kazan şäherindäki geçirilmeli ýaryş üçin 15 sany sport desgasyny ulanmak meýilleşdirildi. Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary “Basket-Hall” sport toplumynda geçirilmelidi.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

“Real Madrid” – iň gymmat topar

Ronaldo täze rekordyna barýar

Ata Watan Eserleri

1 ýyldan soňra tälimçilikden boşadyldy

“Mançester Siti” yzly-yzyna 4-nji, umumylykda 10-njy çempionlygyny gazandy

Fil Foden Angliýada “ýylyň futbolçysy” boldy

Ata Watan Eserleri

Er-Riýaddaky ýylyň boks tutluşygy: Usik Fýurini ýeňdi