DÜNÝÄ

GDA-nyň synçylary topary Türkmenistandaky saýlawlaryň taýýarlygyna ýokary baha berdi

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistanyň bu saýlawlary ýokary derejede taýýarlyk görendigini belledi.

Habarçylar bilen gürrüňdeş bolan Sergeý Lebedew Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradow bilen GDA-nyň synçylar toparynyň deslapky synlarynyň netijelerine garandyklaryny belledi. Aralyk hasabatyny yglan edendiklerini bellän Lebedew Türkmenistanda saýlaw möwsüminiň guramaçylykly ýagdaýda geçýändigini belledi.

Sergeý Lebedew GDA-nyň synçylarynyň Türkmenistanyň birnäçe welaýatlarynda bolandyklaryny belläp: “Biz saýlaw uçastoklary üçin örän gowy ýerleriň berlendigini gördük. Olar örän gowy enjamlaşdyrylan we ähli maglumat serişdeleri bilen üpjün edilipdir” – diýip, belläp geçdi.

GDA-nyň Baş sekretary saýlaw möwsüminiň guramaçylykly gurnalandygyny, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde saýlawlaryň giňden beýan edilendigini belläp, saýlawçylaryň dalaşgärler barada maglumat almagy üçin ýeterlik möçberde maglumat serişdeleriň üpjün edilendigini mälim etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary 26 martda geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenabatda ýoga boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi

Merkezi Aziýa-Russiýa parlamentara forumyny guramak meýilleşdirilýär

ÝUNISEF Türkmenistana täze ýolbaşçy belledi

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Awstraliýa Türkmenistana ilçi belledi