GDA-nyň çäklerinde medeni hyzmatdaşlyk ösdürilýär

GDA gatnaşyjy-döwletleriň medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň ХХXV mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetine ýurduň Medeniýet ministri A.Şamyradow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşykda ýurtlaryň medeni alyş-çalyş hereketleriniň işjeňleşdirilmeginiň meseleleri, GDA gatnaşyjy-döwletleriň medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň 2016-2020-nji ýyllar üçin Esasy çärelerini durmuşa geçirmegiň depgini bilen birlikde, medeni özara hereketler ulgamyndaky beýleki derwaýys meseleleriň ençemesine seredildi.

Işjeň pikir alyşmalaryň barşynda ynsanperwerlik ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynyň özboluşly şerti bolup çykyş edýändigi aýratyn bellenilip geçildi.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň ynsanperwerlik ulgamyndaky integrasiýany hemmetaraplaýyn goldamak bilen, medeniýet ugry boýunça Arkalaşygyň çäklerinde medeni ulgamdaky özarahereketleriň baýlaşdyrylmagyna gönükdirilen ähmiýetli başlangyçlary we taslamalary öňe sürýändigi hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirýändigi nygtaldy.

Okap bilersiňiz  Doňdurma nädip döredi?

Şunlukda, 2019-njy ýylda Aşgabatda GDA-nyň Döredijilik intelligensiýasynyň forumy üstünlikli geçirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Arkalaşygyň çäklerinde 2021-nji ýylyň Binagärlik we gurluşyk ýyly diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyç öňe sürüldi. Bu ýylyň çäklerinde köpsanly tematiki çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulandyr.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

ÝENE-DE OKAŇ

Tennis dünýäsiniň esasy ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Fransiýanyň açyk çempionaty (Roland Garros) tamamlandy. Onda serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy. Ol final duşuşygynda gresiýaly garşydaşy Stefanos Sisipasy ýeňmegi başardy. Duşuşyk 6:7 (6:8), 2:6, 6:3, 6:2, 6:4 hasabynda 34 ýaşly serbiýaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy. Ilkinji gezek 2004-nji ýyldan bäri Fransiýanyň açyk çempionatynda ýeňiji aýgytlaýjy tapgyrda mälim boldy. Jokowiç bilen Sisipas 8-nji gezek duşuşdy....
Ýewropa yklymynda Ýewro-2020 çempionaty dowam edýän döwründe Amerika yklymynda hem "Kopa Amerika" futbol ýaryşy badalgal aldy. Braziliýada geçirilýän bu ýaryşyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Onda Braziliýanyň milli ýygyndysy Wenesuelanyň milli ýygyndysy 3:0 hasabynda, Kolumbýiýanyň milli ýygyndysy bolsa Ekwadory 1:0 hasabynda utdy.
Okap bilersiňiz  Kopa Amerika: Braziliýa ýeňiş bilen başlady
Braziliýanyň düzüminda Markinos, Neýmar (11 metrlik jerime) we Gabriel Barboza tapawutlandy. Kolumbiýanyň milli ýygyndysynda bolsa Kardena tapawutlandy. "Kopa Amerikada" ertir, ýagny 15-nji iýunda...
Futbol boýunça Ýewropa çempionaty gyzykly duşuşyklary bieln dowam edýär. Ýewropanyň 12 şäherinde geçirilýän bu duşuşyklarda gyzykly hem-de çekeleşikli oýunlar geçirilýär. "D" TOPARY Sagat 18:00  Şotlandiýa  - Çehiýa Glazgo şäherinde geçiriljek bu duşuşyk Şotlandiýanyň 1998-nji ýyldan bäri garaşýan pursaty - 23 ýyldan bäri esasy finala çykan ilkinji ýaryşydyr. "E" TOPARY Sagat 21:00  Polşa - Slowakiýa Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek duşuşyk polşaly Robert Lewandowskiniň özüniň görkezmegi üçin...
Futbol boýunça Ýewropa çempionaty dowam edýär. Düýn "Ç" hem-de "D" toparynyň duşuşyklary geçirildi. Sagat 18:00-daky duşuşykda Angliýa bilen Horwatiýanyň milli ýygyndylary duşuşdylar. Olar "D" toparynda çykyş edýärler. Örän çekeleşikli geçen duşuşykda Angliýanyň milli ýygyndysy 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny Rahim Sterling geçirdi. "Ç" TOPARYNYŇ DUŞUŞYKLARY Soňra sagat 21:00 we 00:00-da bolsa "Ç" toparynyň duşuşyklary geçirildi. Ilki bilen Awstriýa bilen Demirgazyk Makedoniýa...
Aýakgabyňyzy çykaryň. Ýapon medeniýetinde pollara we tatami matalarynyň mümkin boldugyça arassa bolmagyny üpjün etmek üçin bir jaýa gireniňizde aýakgabyňyzy çykarmak gowy we möhüm edep hasaplanylýar. Bu hili arassaçylyk köp öý hojalyklarda we restoranlarda talap edilýär, adamlar pola ýakyn tatami düşeginde iýýärler, krowatdan tapawutlylykda tatami düşeginde ýatmak hem adaty zat. Mundan başga-da, ähli otaglarda diňe jorap ýa-da aýakýalaňaç hereket etmegiň ýerine,...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
834TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar