TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Gazhimiýa pudagy uly ösüşde

Türkmenistan Watanymyz ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolmak bilen, iri energiýa serişdelerini öndüriji ýurt we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary hem-de bimöçber aladalary bilen tebigy baýlyklarymyzy dine bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirilýär. Muňa nebitgaz toplumynda amala aşyrýan iri taslamalar, şol sanda, dünýäde uly gyzyklanma döredýän «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasy aýdyň mysal bolup biler. Geljekde hem ýangyç-energetika toplumynda şunuň ýaly sebit we dünýä ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek biziň döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipe eksport bilen bir hatarda, energiýa serişdelerine artýan içerki zerurlyklary kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty we beýleki pudaklaryň depginli ösüşi bilen şertlendirilendir.

Häzirki wagtda nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň düzüminde täze, döwrebap önümçilikleri döretmek babatda ençeme taslamalary durmuşa geçirildi we geçirilýär. Bu ugurda iri maýa goýum maksatnamalary amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerinde täze, geljegi uly bolan, nebite we gaza bay ojaklaryň açylmagy, ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan zerur we bäsleşige ukyply önümleri öndürjek gazhimiýa toplumlarynyň işe girizilmegi aýratyn guwandyryjy wakalardyr.

Ylmyň we tehnikanyň häzirki ösen döwründe çig nebitiň we nebit önümleriniň ulanylyşy barha artýar. Şol nukdaýnazardan, ýurdumyzda nebithimiýa pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Milli Liderimiziň tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga hem-de görnüşlerini köpeltmäge gönükdirilen ykdysady syýasatyna laýyklykda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap senagat kärhanalary ulanylmaga berildi. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawody görkezmek bolar.

gazhimiýa senagatynda uglewodorod çig maly bilen baglanyşykly täze pudagy, ýagny geljegiň ýangyjy bolan wodorod energetikasyny döretmek we ösdürmek göz öňünde tutulýar. Bu ýangyjyň ýokary ulanyş, tehnologik we ekologik taýdan oňyn häsiýetnamalary bar. Bu artykmaçlyk ony senagatda we beýleki pudaklarda netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda uglewodorod serişdeleri diňe bir çig mal hökmünde eksport edilmek bilen çäklenmän, olary gaýtadan işlemegiň netijesinde, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan birnäçe himiýa önümleri hem öndürilýär. Bu babatda kabul edilen Prezident we beýleki Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, diňe soňky ýyllarda “Marykarbamid”, “Garabogazkarbamid”, Gyýanlydaky Polimer zawodlary we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodlar ýaly ägirt uly taslamalar amala aşyryldy.

Bu kärhanalaryň ählisi innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan, ekologik taýdan arassa önümçilikler hasaplanýar.
Şonuň ýaly-da, kabul edilen maksatnamalarda ýurdumyzda gazhimiýa senagatyny ösdürmek boýunça ýene-de birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalary gyzyklanma bildirýärler.

Muhammetguly Sapargeldiýew, 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle