MEDENIÝET

Gazagystanyň habarlar gullugy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

2024-nji ýylyň ahyrynda Gazagystanyň “Kazinform” habarlar gullugy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşmagy meýilleşdirýär. Bu hem Türkmenistanda bolup geçýän wakalaryň Gazagystanda giňden wagyz edilmegine mümkinçilik berer.

Mälim bolşy ýaly, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaralara gatnaşan Gazagystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Teleradiotoplumynyň döredijilik işleri boýunça direktory Assel Tursungazin çäreler barada beren maglumatlarynda belläp geçdi.

Gazagystanyň “Kazinform” habarlar gullugy 17 döwlet bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnama gol çekişdi. Häzirki wagtda türkmen tarapy bilen degişli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň ahyrynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnama baglaşmagy, onuň hem döwletara gatnaşyklarynyň ösüşine mundna beýläk-de itergi berjekdigini bellemek bolar.

Ýene-de okaň

Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga

Türkmenistanda üýtgeşik käriziň üstünden baryldy

Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň 1-nji tapgyry geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda we Daşoguzda akapella konserti bolar

Aşgabatda kalligrafiýa sungatynyň sergisi açyldy

Türkmenistan Hindistanda Magtymgula bagyşlanan dokumental film surata düşerer