TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Gazagystanda täze ministrler wezipä bellenýär

Mälim bolşy ýaly, Gazagystanda geçirilen parlament saýlawlaryndan soňra ýurduň hökümeti täzeden düzülýär. Golaýda, täze hökümet işini bes edipdi.

Şonuň yzysüre täze parlamentiň düzüminiň ilkinji mejlisinde deputatlaryň ses bermegine Gazagystanyň Premýer-ministri wezipesine Alihan Smailowyň bellenmegi tassyklanypdy.

Gazagystanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurduň daşary işleri, goranmak we içeir işler ministrleri wezipä bellendi.

Resminama laýyklykda, Murat Nurtleu – Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasayr, daşary işler ministri boldy.

Ruslan Žaksylykow Gazagystanyň goranmak ministri wezipesine bellenen bolsa, Marat Ahmetžanow içeri işler ministri wezipesine bellendi.

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň doglan güni ÝUNESKO tarapyndan bellener

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi”:Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy

Teswirle