TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Gazagystanda referandum geçirilýär

Gazagystan Respublikasynda ýurduň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek maksady bilen referandum, ýagny sala-salyşlyk geçirilýär.

Ýurduň ilaty Baş kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmegini makullamak maksady bilen ses bermek çäresine gatnaşýarlar.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gazagystanyň birinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Premýer-ministri Alihan Smailow ses berdiler.

Konstitusiýa giriziljek üýtgetmeler we goşmaçalar bilen ýurduň döwlet Baştutanynyň ygtyýarlylyklary azaldylýar, Konstitusion kazyýet döredilýär, parlamentiň we ýerli doalandyryş organlarynyň orny güýçlendirilýär, ölüm jezasy doly ýatyrylýar.

Sala-salşygyň netijesine görä, eger sesleriň 50+1 göterimi alnan halatynda Konstitusiýa üýtgetmeler giriziler.

Ýurtda 10 müň saýlaw uçastogy döredildi we 52 ýurtda 65 saýlaw uçastogy hereket edýär. Saýlaw sanawynda 11,7 million gazagystanly hasaba alyndy.

 

Türkmenistanda açyk ýerlerde örtük dakynmak düzgüni ýatyryldy

Ýene-de okaň

Wengriýa Türkmenistanyň tebigy gazyna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan BMG-ä hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

TOPH gaz geçirijisi taslamasyny tizleşdirmek üçin Meýilnama gol çekildi

Teswirle