TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Gazagystanda Prezident saýlawlary geçirilýär

Şu gün irden Gazagystanda nobatdan daşary prezident sawlaryna badalga berildi. Ýurduň häzirki Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen bir hatarda ýene-de 5 dalaşgär bäsleşýär.

Gazagystanyň çäginde 10101 saýlaw uçastgy döredildi we 11 million 950 müň 485 saýlawçy hasba alyndy. Gazagystanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan dünýäniň 53 ýurdunda diplomatik wekilhanasynyň ýanynda 68 saýlaw uçastogy döredildi.

Türkmenistandaky gazak raýatlaryna Aşgabatad şäherindäki Gazagystanyň ilçihanasynda we Türkmenbaşy şäherinde konsullyk gullugynda ses bermäge mümkinçilik döredildi.

6 DALAŞGÄR BÄSLEŞÝÄR.

Gazagystanyň Merkezi Saýlaw topary tarapyndan 6 dalaşgär hasba alyndy. Olar 69 ýaşyndaky ýurduň häzirki Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, 61 ýaşyndaky ykdysadyýetçi Meýran Kažyken, 68 ýaşyndaky Žiguli Daýrabaýew, 48 ýaşyndaky Karakat Abden, 1966-njy doglan Saltanat Tursynbekowa, 65 ýaşyndaky Nurlan Aesbaýew hasaba alyndy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary

Teswirle