TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Gazagystanda lukmanlara döwlet sylaglary gowşuryldy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew saglygy goraýyş pudagynyň işgärleriniň uly toparyna ordenlerdir medallary gowşurdy. Bu barada Prezidentiň metbugat gullugy habar berdi.

«Döwlet Baştutany Kasym-Jomart Toakýewiň gol çeken Permany bilen, çylşyrymly ýagdaýlarda ilatyň saglygyny we ömrüni goramakda bitiren uly hyzmatlary üçin lukmanlaryň uly toparyna ýokary döwlet sylaglary ― tapawutlandyryjy ordenlerdir medallar gowruşyldy» diýip, gullugyň habarynda aýdylýar.

Ýeri gelende aýtsak, iýun aýynda Gazagystanda saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygy geçirilýär. Pudagyň işgärlerine Gutlag ýollan Prezident ýurtda koronowirus hasylaarynyň durnukly ýagdaýa gelmeginde lukmanlaryň hyzmatynyň örän uludygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Teswirle