DÜNÝÄ

Gazagystanda “Chevrolet Damas” we “Chevrolet Labo” ulaglarynyň önümçiligine girişildi

Gazagystandaky “Kostanay” awtoulag zawody “Chevrolet” awtoulaglaryny ýygnamak üçin Gazagystan-Özbegistan hyzmatdaşlygyny ýola goýdy. Gazagystanyň “Saryarka AwtoProm” bileleşigi bilen “UzAuto Motors” kompaniýasy Amerikanyň “Chevrolet” kysymly ulagynyň birnäçe görnüşini çykarmaga başlar. Olaryň hatarynda – “Damas”, “Labo”, “Trailblazer”, “Malibu”, “Cobalt”  we “Spark”görnüşleri bar.

Bahasy bary-ýogy 3 million teňňe bolan “Chevrolet Damas we Labo” Gazagystanda iň amatly ulag görnüşi bolar, bu bolsa ýerli “LADA Largus” awtoulagyna, şeýle hem “Volkswagen Caddy” we “Peugeot Partner” kysymly ulaglar bilen bäsleşip biljekdigi bellenilýär.

Birinji tapgyrda ýylda 26 000 awtoulag öndürmek meýilleşdirilýär. Olaryň ýarysy eksporta gider, görnüşi ýaly, Russiýanyň bazary hem bu meýilnamada görünýär.

Ýene-de okaň

Rigada türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi

Özbegistan dünýäniň iň kiçi ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň saglyk we sosial goraýyş ministri bilen duşuşygy

Türkmenistan Tbilisi şäherinde Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan stendi bilen tanyşdy

Türkmenistan Stambul şäherinde Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri