TEHNOLOGIÝA

Gazagystan uçýan taksilere gyzyklanma bildirýär

Gazagystanda uçýan taksiler peýda bolup biler, bu bolsa syýahat wagtyny ep-esli azaldar. Bu barada ýurduň sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministriniň orunbasary Dmitriý Mun habar berdi. Ol ýurduň ýerli metbugatyna awiasiýa pudagyny sanlaşdyrmagyň global tejribesi bilen baglanyşykly beýanat berdi.

“Diňe emeli intellekt we kameralara bil baglap, uçarmansyz uçup we gonup bilýän doly awtomatlaşdyrylan uçarlar işlenip düzülýär. Hytaýda şäherara uçýan taksileriň synaglary geçirilýär. Bu syýahat wagtyny birnäçe sagatdan 40-60 minuta çenli azaldar “-diýip, wise-ministr belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Sanly ösüş ministrligi uçýan taksileriniň uçuşlaryny kadalaşdyrmak, şol sanda howpsuzlyk standartlary we synag ygtyýarnamasy ýaly kanunlary işläp düzmegi teklip edýär.

Şeýle hem Gazagystanda 2030-njy ýyla çenli 80-e golaý ýurda uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýolagçylaryň gatnawynyň möçberini 14,7 milliondan 26 million ýetirmek, şol sanda bu maksatlara ýetmek üçin 2,1 milliard dollarlyk hususy maýa goýumlary çekmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Saud Arabystanyda emeli aň mümkinçilikli howa menzili gurlar

Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda maglumat geçiriji ýurt bolar

Kiberhowpsuzlyk boýunça täze maksatnama taýýarlanýar

Emeli aň Hytaýyň awtoulag pudagyny üýtgedýär

“Alibaba” kompaniýasy emeli aň ulgamyna 52 milliard dollar maýa goýar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysy işe girizildi