DÜNÝÄ

Gazagystan Türkmenistana ýokary hilli et önümleri ibermäge taýýar

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Gazagystanyň Taraz şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň oba hojalygy ministrleriniň agrosenagat toplumyny ösdürmek boýunça üçünji duşuşygy geçirildi.

Gazagystanyň oba hojalygy ministri Aýdarbek Saparowyň we guramanyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömuraliýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşykda guramanyň agza döwletleriniň oba hojalygy ministrleri we oba hojalyk ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdy.

Duşuşykda çykyş eden Gazagystanyň oba hojalygy ministri Aýdarbek Saparow çykyşynda: “Bilşiňiz ýaly, öri meýdanlary boýunça Gazagystan dünýäde 5-nji ýurt. Maldarçylyk biziň üçin adaty we geljegi uly pudak” diýip belledi.

Gazak ministri maldarçylyk pudagyna uly ähmiýet berýändiklerini belläp, Gazagystan Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Wengriýanyň bazarlaryna ýokary hilli et önümleri bilen üpjün etmäge taýýardygyny mälim etdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar

TOPH gaz geçirijisi ugry boýunça demir ýoly gurlar

Ata Watan Eserleri

“Hazar deňzi-Garadeňiz”: dörttaraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol çekmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürýär

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär