BIZNES

Gazagystan türkmen gazyny eksport etmäge gyzyklanma bildirýär

Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýew ýerli metbugata beren interwýusynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada durup geçdi.

Hususan-da, ilçi Gazagystan türkmen gazyny eksport etmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Ilçiniň bu baradaky çykyşynda şeýle beýan edilýär:

– Häzirki zaman şertlerinde ulag arabaglanyşygy durnukly ösüşiň we döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň esasy şertine öwrülýär. Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaýyň arasynda üstaşyr akymlary üpjün etmekde Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň orny görnetin ýokarlandy. Şoňa görä-de, üstaşyr geçirmek ulgamynda gazak-türkmen hyzmatdaşlygyna täze itergi berip bolar. Bize geljekde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň aýratyn giň gerimli ugruna öwrülip biljek şu ulgama üns bermek gerek. Şunuň bilen birlikde, energetika ulgamynda-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça düýpli mümkinçilikler bar. Häzirki gazlaşdyryş işleriniň çäginde Gazagystan türkmen gazyny eksport etmäge gyzyklanma bildirýär. Ony bolsa Türkmenistanyň döwrebap energetika infrastrukturalarynyň hasabyna doly amala aşyrmak mümkin.

Öz gezeginde, Türkmenistan hem täze terminallaryň gurluşygy arkaly gazak bugdaýynyň eksportyny artdyryp biler. Häzirki wagtda şular ýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler bar. Türkmenistanda möhüm ähmiýete eýe bolan oba hojalyk pudagynda-da hyzmatdaşlygy ösdürmek zerur. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, türkmen gök önümleridir miwelerini Gazagystana eksport etmek, gazak tarapynyň himiki we mineral dökünlerini türkmen bazaryna ibermek barada barýar. Dokma önümlerini öndürmek pudagy hem oňyn mümkinçiliklere eýe, çünki türkmen dokmasynyň ýokary hilini tutuş dünýä ykrar edýär. Bu meseläni Gazagystanyň we Türkmenistanyň işewürlik düzümleridir telekeçileriniň derejesinde çözmek üçin zerur şertler bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropa we Merkezi Aziýa üwmeç eksport eder

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan söwda möçberini artdyrar

Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşar

Hindistanyň kompaniýalary Türkmenbaşy portunyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

“Apple” ABŞ-nyň iň gymmat kompaniýasy boldy

Rus ilçisi: tebigy gaz pudagynda rus-türkmen hyzmatdaşlygy ileri tutulýar

Ata Watan Eserleri