Gazagystanyň Halkara sanjym merkezi tarapyndan pişikler üçin döredilen “NARUVAX-C19” (öý haýwanlary) subunit sanjymy paýtagt Nur Soltanda geçirilen halkara oba hojalyk sergisinde tanyşdyryldy.
Käbir öý haýwanlarynda, esasanam pişiklerde “COVID-19” töwekgelçiliginiň ýokarydygy we bu haýwanlaryň wirusyň mutasiýa sebäp bolup biljekdigi mälim edildi.
Işlenip düzülen sanjymyň pişiklerde synag edilendigi habar berlen beýannamada “Munuň doly howpsuzdygy we COVID-19-dan goraýandygy kesgitlenildi. Bu sanjym sebäpli haýwanlarymyzy wirusdan gorap bileris diýip umyt edýäris”- diýip aýdyldy.