TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Gazagystan Hazaryň aşagyndan Azerbaýjana internet ulgamyny çeker

Gazagystan Hazar deňziniň aşagyndan Azerbaýjana çenli optiki süýümli internet kabelini çekmegi meýilleşdirýär. Bu işiň 2 ýyl dowam etmegine garaşylýar. Bu barada “Mir 24” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Gazagystan bilen Azerbaýjanyň arasynda internet ulgamyny çekmek baradaky ylalaşyga 2019-njy ýylda gol çekilipdi. Bu taslamanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky sanly geçelgäniň bir bölegi bolmagyna garaşylýar. Ol Germaniýadan Hytaýa çenli 20 ýurdy öz içien alýar.

Bu taslamanyň iň çylşyrymly we çykdajyly bölegi deňziň aşagyndan kabel çekmek bolup durýar. Hazaryň düýbünden 400 kilometrlik ulgam çekmeli bolar. Taraplar çykdajylary deňme-deň çekmegi meýilleşdirýär. Gazagystan üçin bu taslama has möhüm bolup durýar.

– Biz birnäçe ugur boýunça iş alyp barýarys. Olaryň biri hem Hazaryň düýbünden optiki süýümli kabel çekmekdir. Bu 5G ulgamly bolar. Biz Gazagystanyň Ýewraziýada maglumat merkezine öwrülmegini isleýäris – diýip, Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministriniň orunbasary Ashat Orazbek habar berdi.

Gazagystanda internetiň 5G ulgamy ilkinji hatarda Nur-Sultan, Almaty, Şymkent we oblast merkezlerinde dörediler. Internetiň bu ulgamynyň ilat üçin 20924-nji ýylda elýeterli bolmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

“Tesla” kompaniýasyna güýçli bäsdeş gelýär

Ata Watan Eserleri

Sürüjisiz taksi döwri başlaýar

Ata Watan Eserleri

“Samsung” kompaniýasyndan nämeler garaşylýar?

Ata Watan Eserleri