TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Gazagystan-Azerbaýjan-Türkiýe: Transhazar halkara ulag ýoly ösdüriler

Şu gün Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Azerbaýjanyň, Türkiýäniň hem-de Gazagystanyň daşary işler we ulag ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň hem-de Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň arasyndaky çütaraplaýyn duşuşyga Gazagystanyň senagat we infrastruktura ösüş ministri Kairbek Uskenbaýew, Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministrli Raşad Nabiýew we Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly gatnaşdy.

Taraplar ulag we logistika pudagynda, sebitleýin we halkara meýilnamalarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Uly geosyýasy özgerişleriň çäginde söwda, ykdysady, üstaşyr, ulag we energiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça bilelikdäki çemeleşmeler göz öňünde tutuldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar sebitdäki demir ýol liniýalary we nebit turbalary ýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Ýewropa ugrundaky çäkli mümkinçilikleriň çäginde Hazaryň – Gara deňziň ugrundaky ugurlar aýratyn ähmiýete eýe. Ministrler ulag gatnawlarynyň mukdarynyň köpelmegi portlardaky tehniki we nyrh şertleriniň öz wagtynda döwrebaplaşdyrylmagyny talap eder diýen netijä geldiler, bu söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendirijisi bolar.

Bu duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan Transhazar halkara ulag ýolunyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça ulag we aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada Baku jarnamasyna gol çekildi.

Taraplar şeýle görnüşdäki duşuşygyň nobatdakysyny şu ýylyň güýzünde Gazagystanda geçirmek boýunça ylalaşdylar.

 

 

Russiýa-Merkezi Aziýa döwletleriniň goranmak ministrleriň duşuşygy

Ýene-de okaň

Epos gürrüň berip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Merkezi Aziýa – Russiýa sammiti Astanada geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Teswirle