TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Gawun tohumlarynyň dermanlyk gymmaty

Ählimize tanyş bolan datly, hoşboý ysly gawun köpleriň halaýan iýmiti. Gawun ýetişdirmegiň medeniýeti irki döwürlerde hem belli bolup, ol “jennet miwesi” diýlip atlandyrylypdyr. Häzirki wagtda köpgörnüşliligi bilen meşhur bolan gawunyň ençeme sortlary ýetişdirilýär we biziň saçaklarymyzy bezeýär. Adatça gawunyň şireli, tagamly eti azyklyk hökmünde ulanylyp, içindäki tohumlaryndan arassalanýar. Aslynda şol aýrylýan tohumlar gymmatly dermanlyk goruna eýe. Gawun tohumlarynyň energiýa gymmatlygy 75-77% barabar, bu bolsa tohumlaryň ýokary energiýa gymmatyna eýedigine şaýatlyk edýär. Degişlilikde uglewodlar 14 %, beloklar 12-13 % saklanýar. Şeýle-de onda adamyň ner ulgamynyň kadaly işlemegini üpjün edýän B6, B9 we PP witaminleri saklanýar. Tohumlaryň antioksidant düzümi hem ýokarydyr, onda C we A witaminleri hem agdyklyk edýär. Geçirilen barlaglara görä,

tohumlaryň 100 gram önüminde:

kaliý – 96 mg;

natriý – 26 mg;

magniý – 10 mg;

kalsiý – 8 mg;

demir – 2 mg;

sink – 0,2 mg

Saklanýan sink elementi bolsa deriniň gözelligini saklamaga, saçyň we dyrnaklaryň ýalpyldawuklygynyň ýitmezligine gatnaşýar.

Gawun tohumlarynyň gymmatly ýene-de bir bölegi pektinlerdir. Pektin maddalary agyr metallar, pestisidler, radionukleidler bilen baglanyşyk döredip, olaryň bedenden çykarylmagyna ýardam edýär, artykmaç holesterin molekulalarynyň daşyny gurşaýar.

Gawun tohumlarynyň düzümine esaslanyp, onuň bedeni arassalamaga, immuniteti güýçlendirmäge, nerw ulgamynyň işleýşini kadaly derejede saklamaga gatnaşýandygyny bellemek ýerlikli bolar. Mundan başga-da, düwürtikleri aýyrmakda, dermatit kesellerinde hem peýdalydyr. Tohumlary tiz-tizden peýdalanmaklyk böwrekde daşlaryň döremeginiň hem öňüni alýar. Halk lukmançylygynda ýörite erginde ezilip guradylan gawun tohumlary melhemlik häsiýetlidir.

Şulardan hem görnüşi ýaly, tebigat hiç wagt artykmaç zat döredenok, peýdasyz diýip pikir edýän islendik nygmatyň hem özboluşly ähmiýetli tarapy hökman bardyr, esasy zat bolsa şeýle önümleri peýdaly tarapa gönükdirip bilmekdir.

Serdar Gylyjow

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

Eýranyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkmenistana çagyryldy

 

Ýene-de okaň

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

1-nji oktýabr – Ýaşulularyň halkara güni

Ata Watan Eserleri

Teswirle