TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Garri Potterdäki wakany ýatlamak üçin 1 million haýyr-sahawat

J.K. Rowling “Garri Potter” roman seriýasyndaky möhüm wakany ýatlamak üçin öýsüz-öwzarsyzlara we maşgala zorlugynyň pidalaryna 1 million ýewro haýyr-sahawat etdi.

Awtor “Hogwarts” toslama söweşiniň ýyllygynda çykyş edip, her ýyl söýülýän bir gahrymany öldürendigi üçin ötünç sorady.

Rowling “Twitter” jemgyýetçilik torundaky hasabyndan: “Şu gün Hogwarts söweşiniň 22 ýyllygy, ýöne toslama ölümler hakda gürleşmegiň dogry däldigini aç-açan aýdaryn. Hakyky dünýäde gaty köp adam ýakynlaryny ýitirýär” -diýdi.

Meşhur ýazyjy sözüni şeýle dowam etdirdi: “Şonuň üçin jadygöýligiň uly ýeňşiniň ýyllygyna, bizi we durmuşymyzy goramak üçin şol ýerdäki adamlar hakda pikir edýärin.”

Rowling bu sözlerden soň öýsüz-öwzarsyzlaryň üstünde işleýän Krizis birleşigine 500 000 sterling we galan 500 000 sterlingi maşgala zorlugyna sezewar bolan aýal-gyzlary we çagalary goramak üçin işleýän Bosgunlar birleşigine bagyşlandygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle