TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Garly gün

Garly günüň gazaby, daşarynyň howasynyň aýazy Çynaryň merdemsiliginden nam-nyşan goýmady. Gyz öýden çykanynda işe baryp ir gözün işlerinden dynyp gaýtmak pikiri bardy. Ýöne adyna mynasyp, çynara çalym edip duran gyzyň bu pikirleri iş ýerine ýetmänkä üýtgedi. Gyz hernäçe dogumly hem bolsa, daşarynyň garly hemem sowuk howasy, ulaglaryň durmazlygy… garaz bularyň hemmesi Çynary gahardan ýaňa çym-gyzyl etdi. Gyz ýoluň gyrasynda durup her wagt bir ýana howlugyp barýan ulaglara elini galdyryp durdy. Näçe ulagdan soň bir ulag gelip gyzyň deňesinde saklandy. Çynar bolsa öz ýanyndan «aý buda barýan ýerime eltesi ýokla» diýip göwün ýüwürtdi. Gyz ulagyň gapysyny açyp barmaly ýerini aýtmanka dilewar ýigit dillendi.

—Münüň-münüň hökman elterin.

Çynar ulaga mündi. Hiç zat gürlemän doňup oturan çynara garap alçak ýigit saklanyp bilmän söze başlady.

—Salam gözel gyz. Meniň adym Baba. Siz gowja üşäpsiňiz öýdýän.

Gyzdan hiç hili jogap alyp bilmedik ýigit ýene söz gatdy.

—Wiý ýogsada siz nirä barýaňyz? Sizi nirä düşürmeli?

Çynar bu sözlere özüne geldi. Ýuwaşlyk bilen barmaly ýeriniň salgysyny aýtdy.

—Kardiologiýa merkezi.

Oglan bu sözleri zordan eşitdi. Soňra bolsa diňläp barýan radiosynyň sesini peseldip, eşidenlerim nädogry bolaýmasyn diýip täzeden sorady.

—Gözel gyz adymy aýtdym jogap bermediň, adyňy soradym jogap bermediň, indi barjak ýeriňizi bir aýdaýyň! Gözlerim äýnekli hem bolsa gulaklarym gowy eşidýärmikä diýýärin. Ýöne siziň jogabyňyz-a gaty gowy düşünmedim.

Çynar ýigidiň boluşyna ilki gahar etdi. Soňam bolýa-la gyşyň gazabyna meňzäp tasamaýyn diýip, barjak salgysyny aýtdy.

Kardiologiýa merkezi. Eger ugruňyz başga tarapa bolsa golaýlatsaňyzam bolýar.

Ýokla aýtýanyňyz näme. Heý siz ýaly gyzam ýolda goýup bolarmy? Onda-da garly günde. Öňem durup-durup ýaňaklaryňyz nar ýaly bolupdyr-a.

Çynar sesini çykarmady. Ýylap doňy çözülip ugrandan ulag ýöremeýän ýaly bolup görünip ugrady. Içini gepletdi.

Waý-eý bu-da ýöremeýäne döndi. Sürüp barýanyňam azaryna-da däl-dä. Nar diýdi sowuk diýidi. Aý bolýa, nämede bolsa ýolda goýmady. Bir tarapdan-a kemem däl-de barýançam gowuja ýylanaryn.

Baba gürläp Çynaryň pikirni böldi.

—Dogrudanam siziň adyňyz näme? Gülnar, Enar… heý, aý bolýa-da aýtmasaň aýtma. Görýäň-ä daşary gar ulagy mundan gaty sürüp bolanok. Ýosam seni bir eýýäm elitjekle men.

Çynar bu sözleri eşidip, öňem okara ýaly bolup duran gözlerini hasam petiretdi. Içinden eden pikilerini özi bilmezden daşyna çykarandyryn öýtdi.

—Aý oglan men size şu wagt hiç zat diýmedim-ä.

—Wah gepem şonda-da. Ulaga müneniňden bäri her wagt bir  adym Baba diýsemem ,,bolaňda näme’’ diýýän ýaly garaja gözleriňi her hili edýäň.

—Näme Aýaz baba?

—Ýok Aýaz baba däl ýöne Baba. Has dogrusy Babamyrat. Aý näme siz Aýaz baba diýseňiz ylalaşaýmaly bolarda. Ýöne bir şert bilen. Siz maňa adyňyzy aýtman şeýle ýüzlenseňiz menem size Garpamyk diýäýeýin.

Öz-özüne söz berip tasamaýyn diýip gelýän Çynar bar beren sözüni yzyna almaly boldy. Çynar aslynda beýle bir gaharjaň hem däl. Ýöne göwnüne ýarmadyk hereket üçin iller ýaly ýylgyryp oňup bilmeýärdi. Diline gelenini aýdyp goýberýärdi. Asly ýumşak bolansoň bu ony beýle bir erbet hem görkezmeýärdi. Bu onuň çagalykdan galan häsiýetidi. Çynar saklanyp bilmän jogap berdi.

—Aý oglan garda galanyň bilen garpamyk bolaňok. Onsoňam men garpamyk däl men Çynar.

Çynar soňky sözleri nädip aýdanyny duýman galdy. Ony diňe aýdyp bolanyndan soň duýup galdy. Soňam çalaja dodagyny dişläp aşak bakdy. Dil bela diş gala diýileni hakda oýlandy. Ýöne şu pursady peýeläp oturan Babanyň  äýneginiň aňyrsyndan oýnaklaýan gözleri hasam ýaldyrdy. Ýene dilewarlygyndan peýdalandy.

—Dil bela diş gala diýileni hakda oýlandyňmy? Zyýany ýok. Hünji dişlere hemişe gala bolup durmak gelişmeýär.

Çynar ind-ä içinden pikir etmägede ýaýdandy. Sebäbi ol näme pikir etse ýigit ony bilýärdi, aslynda Çynaryň näme hakda pikir edýänini onuň hereketleri aýdyp durdy. Soňa baka gyz assyrynlyk bilen oglany synlap başlady. Baba-da özüniň synlanýanyny bilsede bilmediksiräp otyrdy. Garaz eslije ýöränlerinden soň  Çynaryň düşmeli ýerine geldiler.

—Şu ýerlerde nire amatly bolsa duraýyň!

—Hä eýýäm geldikmi?

—Howa sag boluň.

—Bor Çynar sag bol  sag-amanja işle.

Çynar bu eşidenlerine ulagyň gapysyny ýapanyndan soň düşündi. Ulag esli wagt gyzyň yzyndan garap durdy. Soňam gaýdasy gelmän gaýtmaly boldy. Gaýtdy, ýöne ýigit ýürek kesellerini bejerýän hassahananyň öňünde ýüregini goýup gaýdypdy. Soňam bar pikiri, küýi şol gyz, şol iş ýeri boldy. Çynar hem ulagda näme diýip degişenem bolsa onuň arzuwlary gyzyň golundan tutyp ony duýgylar düýäsine alyp gitdiler.

Aradan bir iki gün geçdi. Degişgen Babamyratdan nam-nyşan galmady. Onuň bu bolup ýörüşi täze ýyly garşylamaga taýýarlyk görýän dostlaryny binjalyk etdi. Halyny soranlara-da ,,aý ýok ýöne’’ diýip jogap berýärdi. Soň garaşyp  gyzy garawullap başlady. Her nämede bolsa bu günki yhlasy biderek bolmady. Çynar öňki wagtynda işden çykdy. Ýanynda-da işdeş jorasy bardy. Gyzyň jorasyny görüp ýigidiň biraz keýpi gaçdy. Içini gepletdi.

—Wah bary biderek boljak öýüdýän. Ýogsada belki maňa jorasy kömek eder.

Şu pikirler bilen başagaý bolup gyzlar golaýlanynda ulagdan düşdi.

—Salam gyzlar. Armaweriň garaşdyryp- garaşdyryp ahyry çykdyňyzow.

Gyzlar aňk taňk boldular. Öwürlip seredeninden soň Çynar şol oglandygyny derrew tanady. Jorasynyň golundan tutup durşyna nädip dillenenini duýman galdy.

—Hih bu şol Bossan. Bu näme işläp ýörkä?

—Çynar näme diýip dursyň gyz ýöresene bol.

Ýigit gyzlaryň yzyndan ýetenine hem begenip hem aljyrap durşuna aýagy bijaýyrak basylyp taýyp dyzyna çökdi. Çynar hezil edip güldi. Daşarynyň garaňkysynda näme nämedigine düşünmedik sada Bossan aljyraňly gürledi.

Waý waý ýykyldy. Adamlar kömek ediň Çynar durma bol galdyr. Turaýyň turaýyň hiç zat bolmada. Jorasynyň boluşyna Çynar hasam joş alyp güldi. Gyzyň gülkisini ýigidiň sözleri böldi.

Bagyşlaň gyzlar gorkuzaýana däldirindä. Şeýdip dyzyma çöküp saklaýmasam Çynar deňimden geçip barýar.

Wiý asyl sen oýun etdiňmi? Çynar aýdaňogamla, Siz öňdenem tanyşmy?

—Ýokla, buda bir tanyşmagyň usulydyrda. Sowuk bolmasa oturyber. Biz aýlanyp geçäýeris.

—Dursana Çynar, belkide men sizi ugradyp bilerin. Bolýa diýäýsene? Joraňyzam üşeýär. Maňa dözseňem joraňa dözme-dä!

Çynar ýaýadanjyrap bir jorasynyň birem jezasyny boýun alyp özelenip duran aşygyna garady. Jorasy bossanam sadalykdan saýlanmadyk gözlerini elek çelek edip ulaga münermen boldy. Gyzlar tirkeşip ulaga mündiler. Öýleri ýol ugra bolansoň ilki bossan düşmelidi. Ýöne ters ýoldan gaýdypdyryn bahanasy bilen ilki Çynary düşürdiler. Özi düşeni düşeni ol tas bar meýilnamany puja çykaryp jorasyny hem alyp galypdy. Hernä Bossan düşmedi. Ol öýlerine ýetýänçä bolsa ondan mundan gep atyp Çynaryň gürrüňini etdiler. Pursady eli bilen döreden ýigit  ýalbaryp–ýalbaryp Çynaryň el telefonunyň nomerini aldy. Hemem bagta töwekgellik edip jaň etdi. Gyz telefony galdyrandan aýdan  sözleriniň ählisini ýaňy dillenen çaga ýaly zordan aýtdy.

—Alo

—Alo, Salam Çynar.

—Salam.

—Men neme ýaňky aradaky Baba seň Aýazbabaň.

—Näme? Meň Aýazbabam? Aý ýok meniň-ä hiç wagtam özbaşyma aýazbabam bolamandy.

—Bagyşlaň siz ýalňyş düşündiňiz. Çynar dursana men neme…

Oglan sözüni soňlaýança bolsa diňe telefonuň uzyn-uzyn duguldysy eşdilýärdi. Alaçsyz galan ýigit näme etjegini bilmedi. Esli wagt oturandan soň gyza sms ýazmaly diýen karara geldi. Şeýle hem etdi.

«Salam hormatly müşderi. Sizden täze ýyl baýramçylygy mynasybetli meniň ýüregimi yzyna bermegiňizi haýyş edýärin!»

«Salam Çynar. Haýyş edýän sen meniň ýüregimi gaýtaryp ber! Ol diňe seniň eliňde sen lukman ahyry».

«Çynarym söýgime söýgi bilen bakýan gözleriňi kejirligiň bilen gizlemäýdä. Wah näme edeýin men seni şol kejirligiň üçin söýýän ahyry».

Hawa, garly günüň taryhy pursatlaryna ýa-ha şol günki jadyly smsler sebäp boldy, ýa-da ykbal bagty wada berýär diýleni boldy.

Täze ýyl arçasynyň başynda gollarynda akja posalajyk bäbejigi göterip duran juwanlaň göz öňünden bir ýyl mundan ozalky bolan bu waka edil kino lentasy ýaly bolup geçdi. Sebäbi bu gün hem päk söýginiň reňki bolup asmanyň zemine täze ýyl sowgady akja gar ýagypdy.

Nurşat Narlyýewa, Žurnalist

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Teswirle