TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Garaşsyzlyk we halkara hukugyň dabaralanmasy

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýetli waka bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Garaşsyzlyk — biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň diňe bir ykdysady garaşsyzlygy we durmuş goraglylygy doly üpjün edilmän, medeni mirasymyz, ata-babalarymyzdan galan ruhy, maddy gymmatlyklarymyz, taryhymyz, dilimiz, saz sungatymyz, dinimiz, ajaýyp däp-dessurlarymyz täzeden dikeldildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri uly rowaçlyklara beslendi. Köp sanly zawoddyr kärhanalar, önümçilik desgalary, şeýle hem durmuş maksatly binalar – mekdepdir çagalar bagy gurlup ulanmaga berildi. Geljek ýyllarda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetini düýpli özgertmek üçin köp sanly özgertmeler maksatnamalary kabul edildi. Golaýda geçirilen Döwlet maksatnamasynda hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn çykyşynda geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryň özleşdirilmegi bilen, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň has-da pugtalandyryljakdygyny aýdyp: «Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilimi edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys»  diýip bellemegi geljek ýyllarda ilatymyzyň durmuş ýagdaýlarynyň has-da gowulanmagyna uly itergi berjekdigi ikuçsyzdyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda daşary syýasat ugrumyz hem hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda ýola goýlup, dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli, deňhukuklylyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkara giňişliginde bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasyna laýyklykda, netijeli gepleşikleri geçirmäge, oňyn başlangyçlary öňe sürmäge, bitaraplyk syýasatyny döredijilikli ösdürmäge berk esas döredýär.

Parahatçylyk, ösüş, hyzmatdaşlyk ýaly ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Dialog, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler arkaly döwrüň möhüm wezipelerini çözmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu babatda dünýäde kanunyň we ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň üpjün edilmegi ugrunda giň tagallalar edilýär.

Umuman, Garaşsyzlyk ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyga eýe bolan halkymyz özüniň röwşen geljegine bolan ynamyny beýik işler bilen berkidýär. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynda durmuşa geçirilen ägirt uly işler türkmen döwletiniň özboluşly ösüş ýörelgeleriniň dabaralanmasydyr.

Tawus Nepesowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle