TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Garaşsyzlyk toýun toýlaýar Watanym

Şu günler gadym türkmen topragynda baş baýramymyz  – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygy giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli köp sanly dabaraly çäreler guralýar. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda täze zähmet ýeňişleri gazanylýar.

Berkarar döwletimiziň täze taryhy eýýamynda welaýatlary, alys künjekleri gurşap alan toplumlaýyn hem-de giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu özgerişlikleriň ajaýyp miwelerini her ädimde görýäris. Şäherleriň we obalaryň keşbi düýpli özgerip, ýurduň ykdysady kuwwaty berkeýär. Halkyň durmuş derejesi ýokarlanýar.

Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň sebitlerine toý saparlaryny amala aşyryp, ykdysady, medeni-durmuş ähmiýetli binalardyr desgalary açyp berdi. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagyny, Türkmenbaşy şäherinde täze köpugurly hassahananyň, demirgazyk welaýatda iň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan iki sany döwrebap hassahananyň ulanmaga berilmegini, Lebap welaýatynda «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň, Çärjew etrabynda gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň we welaýatyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenen Üçajy — Zerger gaz geçirijisiniň işine ak pata berilmegini soňky aýlaryň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezesimiz gelýär. Bu döwürde ýurdumyzyň syýasy durmuşy hem ähmiýetli wakalara baý boldy.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen döwlet strategiýasy pudaklary senagat we innowasion ösüş ýoluna geçirmegi göz öňünde tutýar. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilik toplumlarynyň, zawodlaryň we fabrikleriň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleriň köp görnüşini çykarmaga niýetlenen gaýtadan işleýän senagatyň täze desgalarynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şol bir wagtda Garaşsyz ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we ornaşdyrmak babatda ähli wezipeler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, sanly özgertmeler babatda Diýarymyzda netijeli işler alnyp barylýar.

Şeýle özgertmeleriň durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap almagy bolsa, ykdysady işde we gündelik durmuşymyzda ýeňillikleriň döremegine mümkinçilik berýär. Häzirki zaman maglumatlar jemgyýetinde özboluşly amatlyklaryň üpjün edilmegi ýurduň ykdysadyýetiniň çeýeliginden habar berýändigini göz öňünde tutsak, Diýarymyzda bu ugurda ýetilen sepgitler örän guwandyryjydyr. Has takygy, bank, salgyt, söwda, aragatnaşyk ulgamlarynda ilata hödürlenýän iň öňdebaryjy hyzmatlar sanly ykdysadyýetiň ösüşiň we döwrebaplygyň baş şertidigini dolulygyna görkezýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda önümçiligine innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýan milli ykdysadyýetimiziň ilatyň esasy isleglerini köpçülikleýin kanagatlandyrmaga bolan ukyby emele geldi. Işleri ep-esli ýeňilleşdirýän döwrebap senagat kärhanalarynyň uly toplumynyň işe girizilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy has güýçlendi. Ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygy we azyk howpsuzlygy doly üpjün edildi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň oňyn netijesidir. Üstesine, Türkmenistan çig mal ugradyjy ýurt bolanlygyndan dünýäde iri önüm öndüriji we taýýar önümleri eksport ediji ýurt derejesine hem eýe bolýar. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň dürli görnüşlerine daşary ýurt bazarlarynda islegiň örän uludygyny görmek bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň«Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäni üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagy ugrunda uly tagallalar edýär.

Kerimberdi Nurnyýazow,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle