SIZDEN GELENLER

Garaşsyzlyk — ösüşleriň binýady

Garaşsyzlyk bu berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny we bitewüligini şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna gurýar we döredýär. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny  zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.

Häzirki wagtda Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halky Garaşsyzlygyň gazananlaryna buýsanyp gurýar, döredýär, beýik tutumlara goşant goşýar. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde Watanymyzyň ýeten derejesine, içeri we daşary syýasatda gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda, kalbyň has-da joşa gelip, göwün guşuň ganatlanýar. Ýurdumyzyň ähli künjegindäki täze, döwrebap obalar, şäherçeler, innowasion tehnologiýaly iri zawoddyr fabrikler, durmuş-medeni maksatly döwrebap binalar, bilim-terbiýe ojaklary, lukmançylyk merkezleri, saglyk, medeniýet öýleri hem-de beýlekiler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren miweleridir.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän günlerine gabat gelmegi toý şatlygymyzy goşalandyrýar.

Dana şahyryň «Berkarar döwlet islärin…» diýen arzuwy hasyl bolup, milletimiziň buýsançly başy göge ýetdi. Şeýle uly toýuň, naýbaşy baýramyň bereketli güýz paslyna sazlaşyp gelşi şahandaz göwünleri, şahyr kalplary has-da joşdurýar.

Bagtyýar halkymyz özüniň baş baýramyny ähli pudaklarda we ähli ugurlarda ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanmak hem-de belent sepgitleri eýelemek bilen garşylaýar. Şonuň üçin hem häzirki döwürde ýurdumyzda hereket edýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna we 30 ýyly nazarlaýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda amala aşyrylýan beýik işler ählihalk buýsanjyna beslenýär.

Ýaş nesilleriň mundan buýana hem has ýokary bilimlere eýe bolmalydygyna aýratyn üns berilýär. Munuň üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler we şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň çuňňur bilim almaklaryny, Watany söýmeklerini, pederleriň paýhas mekdebine wepaly bolmaklaryny gazanmak biziň mukaddes borjumyzdyr. Şunuň ýaly watansöýüji nesiller biziň guwanjymyzdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi bu gün dillerimiziň senasy, köňüllerimiziň owazy bolup ýaňlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkidip, milli demokratiýanyň aýdyň dabaralanmasyna öwrüldi.

Şeýle hem, raýatlarymyzyň durmuş goraglylygy, iş üpjünçiligi, ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, şäherçeler, obalar gurulýar. Mermer paýtagtymyz Aşgabat tanalmaz derejede ösýär, özgerýär. Paýtagtymyzda bina edilýän desgalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm ähmiýete eýe bolýar. Aşgabadyň owadan köşkleridir kaşaň desgalaryny, biri-birinden owadan suw çüwdürimler toplumlaryny, ajaýyp seýilgählerini, şaýollaryny, ýaşyl baglaryny, al-elwan güllerini göreniňde göwnüň galkynýar.

Täze taryhy döwürde daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göterýär. Munuň özi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdşlygynda has-da aýdyň ýüze çykýar. Ählumumy howpsuzlyk, sebit ýagdaýlary, durnukly ösüş we ynsanperwer meseleleri özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Ýer ýüzünde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ikitaraplaýyn bähbitli ykdysady taslamalary amala aşyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek we beýleki derwaýys meseleler bilen baglanyşykly öňe sürýän asylly başlangyçlary halkara bileleşigiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda, has takygy, 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň özem munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Şöhratly geljegi nazarlaýan berkarar Diýarymyzyň ösüşleri halkymyzy guwandyrýar. Häzirki döwürde toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Bu günler her bir hünärmen özüniň zähmetsöýerligi bilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna zähmet sowgatlaryny bagyş edýär. Bu asylly ýörelgede ýaş nesle bilim-terbiýe berýän mugallymlaryň hem mynasyp goşandy bardyr. Ýaş nesillere ene süýdi ýaly arassa terbiýe, kämil bilim bermek bilen, mugallymlar Garaşsyzlyk ýyllarynda mynasyp nesilleri ýetişdirýärler. Bu bolsa, biziň Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleridir. Ýurdumyzyň ösmegi, nesilleriň kämil bilimli bolmagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Bahar Araşewa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň okuw müdiri.

Ýene-de okaň

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy

Matematika – ylmyň möhüm ugry

Bilimde innowasion ösüşler

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady