TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Garaşsyzlyk gününiň dynç güni Duşenbe gününe geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň ýekşenbe gününe düşýändigi sebäpli, şol gün duşenbe gününe geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly aragatnaşyk arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde degişli Permana gol çekdi.

Şol resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ilatynyň Garaşsyzlyk gününi belläp geçmek hem-de oňaýly dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölümine laýyklykda 2020-nji ýylyň 27-nji sentýabryndaky dynç güni 2020-nji ýylyň 28-nji sentýabryna geçirilýär.

Ähli edaralara, kärhanalara we guramalara, eýeçilik görnüşine garamazdan, bu Permandan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

 

Sungata ykbalyny baglan : Döwletgeldi Berdiýew

«Teatr — durmuşyň aýnasy» diýilýär. Şol aýnada dürli häsiýetdäki keşpler tomaşaçylara ýetirilýär. Spektaklda çykyş edýän artisleriň hemmesi bir maşgalanyň agzalary ýaly tomaşaçynyň göz öňünde galýar. Bir spektaklda çykyş edýän artistiň başga bir spektaklda-da oýnamagyna garaşmagymyzyň sebäbi, belki, şoldur. Bu köplenç biziň pikir edişimizçe-de bolýar. Käte bolsa şol artist garşyňda düýbünden başga häsiýetdäki keşpde peýda bolýar.  Hakyky artist halypalaryň aýdyşy ýaly dürli häsiýetdäki keşpleri janlandyrmagy başarmaly. Indi birnäçe ýyldan bäri Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda dürli häsiýetdäki keşpleri janlandyryp gelýän Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew hem şeýle ussatlaryň biri. Biz onuň bilen teatr sungaty dogrusynda «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle