TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan baýramçylyk konserti

Şu gün Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.

Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagty Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, ýurdumyzdaky daşary ýurtly ilçiler,  Russiýanyň “Ural” tans topary, ýerli we daşary ýrutly habarçylar gatnaşdy.

Bu baýramçylyk dabarasyna “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem çagyryldy. Dabara “Türkmeniň ak öýi” binasynyň giň meýdanynda guralan baýramçylyk çykyşlary bilen başlady. Ilki bilen ýurdumyzyň dutarçylar topary çykyş etdi, soňra dürli teatrlaşdyrylan çykyşlar tomaşa edildi.

Daşary ýurtly myhmanlara ahalteke atlarymyz, alabaý itlerimiz, düýelerimiz görkezildi. Dürli ýurtlardan gelen myhmanlar alabaý itlerimiz hem-de ahalteke bedewlerimiz bilen ýakyndan gyzyklanyp, olar bilen surata düşdiler.

Soňra “Türkmeniň ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sunagt ussatlarynyň baýramçylyk konsertine tomaşa edildi.

Baýramçylyk konsertinde ýurdumyzyň Garaşyzlyk döwründe gazanan üstünlikleri wasp edilen birnäçe aýdymdyr sazlar ýaňlandy.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle