TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli iş kesilenleriň günäsi geçildi

Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow käbir resminamalara gol çekdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli, iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekip, günäsi geçilen adamlary ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmek, olary iş bilen üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup, zähmetde has tapawutlanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli Permanlara gol çekdi.

Arakesmeden soňra, hormatly Prezidentimiz döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ildeşlerimiziň birnäçesine sylaglaryny gowşurdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle