JEMGYÝET

Garaşsyzlyk baýramy: Dabaraly harby ýöriş geçirildi

Türkmenistan özüniň baş baýramy – Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygyny giňden belleýär. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabadyň merkezindäki  Baş meýdanda dabaraly harby ýöriş geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şeýle hem ýurdumyzyň baş baýramynyň dabaralaryna Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary we beýleki adamlar gatnaşdy.

Garaşsyzlyk meýdanyndaky harby ýöriş goranmak ministri B.Gündogdyýewiň Türkmenistanyň Prezidentine beren hasabaty bilen başlandy. Soňra ýurdumyzyň Döwlet senasy ýaňlandy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyryldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlanan dabaraly harby ýöriş ýurdumyzyň Döwlet Baýdagy hem-de milli goşunymyzyň dürli düzümleriniň söweşjeň baýdaklary bilen açyldy. Soňra Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary geçdiler.

Harby ýörişden ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerimiziň goşun düzümleriniň dürli harby gullukçylary yzygiderli meýdançadan geçip gitdiler. Soňra milli goşunlarymyzyň döwrebap harby tehnikalary görkezildi.

Dabaranyň çäklerinde Baş meýdanyň ýokarsyndan harby uçarlar hem-de dikuçarlar geçdiler. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary ýurdumyzyň kartasynyň hem-de parahatçylygyň nyşany bolan kepderiniň şekillerini emele getirdiler.

Şeýle hem bu harby gullukçylar Garaşsyzlyk binasynyň şeklini emele getirip, dabara aýratyn öwüşgin çaýdylar.

Ýurdumyzyň baş baýramynyň dabaralary döwlet teleýaýlymlaryna göni ýaýlymda alnyp berildi.

Şäherara awtobus gatnawlary haçan başlaýar?

Kanuny kim kabul edýär: Halk Maslahatymy ýa-da

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Donald Trampa gutlag hatyny iberdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ministrler maslahaty geçiriler

“Fox” teleýaýlymy: Donald Tramp saýlawlarda ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Kapadokiýanyň asmanyna Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 300 sany howa şary uçuryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Agrar partiýasyna täze ýolbaşçy saýlandy