TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Garaşsyzlyk baýramynyň joşguny

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda hem baş baýramymyz Garaşszylyk gününiň dabaralary uludan tutuldy. Ýurdumyzyň baş meýdanynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli uly dabara geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti hem gatnaşdy.

Baýramçylyk dabarasynda hormatly Prezidentimize öz egindeşleri tarapyndan “Dowamly” atly ahalteke bedewi sowgat berildi. Ýi­git­ler  aty idip ge­ti­rip, onuň gö­zel­li­gi­ni we sy­rat­ly­ly­gy­ny gör­kezdiler. Soň­ra be­dew us­sat­lyk bi­len çar­pa­ýa ga­ldy.

Soňra “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary baýramçylyk meýdanyndan geçdiler. Olar ýurdumyzyň baýdagyny belende galdyryp, tomaşaçylaryň buýsanjyny goşalandyrdy.

Soňra ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň wekilleri baýramçylyk ýörişini amala aşyrdylar. Dabarada aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

Da­ba­ra­ly ýö­riş ýaş nes­liň hem-de me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň çykyşy bilen jemlendi. Ýur­du­my­zyň baş meý­da­ny­nda ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry çykyp, ýaş ar­tist­ler şa­dy­ýan tans kom­po­zi­si­ýa­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­diler.

Şeýle hem düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan konserti boldy. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralar agşam «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň merkezi stadionynda dowam etdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle